''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Makalalar

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, paslyň talaplaryna laýyklykda geýniň! * * *

Çagalaryň sagdynlygy — maşgalanyň abatlygy

Enterobioz keseli dünýäde giňden ýaýran parazitar keselleriň biridir, ol, esasan hem, çagalaryň arasynda ýygy duşýar. Bu kesele «hapa elleriň keseli» diýilse hem dogry bolar. Enterobiozyň döredijisi ostrisalar, mikroblardyr. Ostrisalar diri jandarlar bolmak bilen, adamdan-adama galtaşma ýoly arkaly umumy zatlaryň — oýnawaçlaryň, mekdep enjamlarynyň (ruçka, galam we beýlekiler), şeýle hem arassalanmadyk iýmitleriň, gök önümleriň, miweleriň üsti bilen ýokuşýar. Ýokuşma howpy çagalaryň arasynda has ýokary bolýar, ýagny enterobiozly çagadan beýlekilere geçýär. Ostrisalar adam bedenine düşenden soňra, şobada alamatlar ýüze çykmaýar. Esasy ilkinji alamatlarynyň biri artbujakda gijeme alamatlarynyň ýüze çykmagydyr. Ostrisalar nerw ulgamyna, esasan-da, çagalaryň özüni alyp barşyna ýaramaz täsir edýär, ukusynyň bozulmagyna getirýär, kellagyry peýda bolýar, okuwa-işe ukyplylygy peselýär, ýatkeşligi, ünsi bozulýar, gaharjaňlyk we beýleki alamatlar ýüze çykýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Sport sagdynlygyň gözbaşydyr Sport bilen dostluk, ilki bilen, irki maşklary ýerine ýetirmek bilen başlanýar. Irki beden maşklary adama säher bilen aňsat oýanmaga itergi berýär, ertirlik naharyň oňat siňmegine ýardam edýär, beden myşsalaryny we süňk bogunlaryny berkidýär, beýniniň gan aýlanyşygyny, nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, bedeniň kesellere garşy durumlylygyny ýokarlandyrýar. Gijeki ukudan soň oýanan badyňa ýerine ýetirilýän irki maşklar, tutuş bedeniňe ýeňillik, synalaryňa ýazylganlyk bagyşlaýar, göwnüňi göterýär, durmuşa höwesiňi artdyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Irki maşklar her bir ýaşda-da peýdalydyr, olaryň ýerine ýetirilmegi üçin aýratyn wagt ýa-da uly bir güýç talap edilmeýär. Çagalar, göwreli aýallar, ýaşy gartaşan adamlar, hatda kiçi ýaşly çagalar üçin hem beden maşklarynyň ähmiýeti uludyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Edeni em lukmanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän özgerişlikler halkymyzyň saglygynyň bagtyýarlygynyň kepili bolup durýar. Halkyň saglygyny goramak, ynsan ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, saglyk durmuş kadalaryny düzgünleşdirmek üçin ýurdumyzyň hassahanalarynda ähli zerur şertler döredilýär. Sakarçäge etrap hassahanasynyň agzybir işgärleri ynsan saglygy ugrunda ýadawsyz göreşýärler. Olar ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, raýatlara berilýän lukmançylyk kömegini kämilleşdirmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny gowulandyrmak babatynda birnäçe işleri alyp barýarlar.

Saglyk

Sport — sagdynlyk, sport — gözellik, sport, bir söz bilen aýdanyňda, ýaşaýyşdyr. Bedenterbiýe adamda ruhubelentlik we sagdynlyk medeniýetini kemala getirýär.

Kadalary berjaý ediň!

Bahar paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. * * *

Saglyk — baş baýlyk

— Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. — Açyk arassa howada gezelenç ediň.

Görer gözüň gymmaty...

Eziz çagalar, mekdep partasynda otyrkaňyz, mugallymyňyzyň synp tagtasyna ýazýan amallaryny, meselelerini aňsatlyk bilen görýärsiňizmi?! Belki, bu ýagdaýda synpdaşlaryňyzyň arasynda kynçylyk çekýänleri bardyr?! Eýsem-de, gözleriň görejiniň näme sebäpden peselýändigini bilýärsiňizmi?! Häzirki wagtda el telefonlaryna hem telewizora aşa köp seredilmegi netijesinde, göze uly agram düşýär. Bu bolsa gözleriň ýadamagyna we gyzarmagyna getirip, ýakyndan görmezligine sebäp bolýar. Şeýle kynçylyklaryň ýüze çykmazlygy üçin siz, ilkinji nobatda, gözleriňizi gorap saklamalysyňyz hem-de bu meselede ünsli bolmalysyňyz! Gözleriň görejiniň sagdyn bolmagy üçin lukmanlar size şeýle maslahatlary berýärler. Ine, olaryň käbiri: - Alty ýaşyny dolduran çagalara günde 1 sagat, ýedi ýaşdan on üç ýaşa çenli çagalara 1,5 — 2 sagat telewizora tomaşa etmek maslahat berilýär. Telewizor bilen çaganyň aralygy 3 metr bolmalydyr.

Ýanyk ýarasyna ilkinji kömek

Gynansak-da, kä halatda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň doly berjaý edilmeýänligi zerarly ýalnyň, gyzgyn buguň, ýanyjy we aşa gyzgyn suwuk maddalaryň täsiri netijesinde adamlaryň tenine şikes ýetýär. Teni ýanyp, şikes alan adamyň ykbaly, oňa tiz we dogry berlen kömege bagly bolýar. Käte tenine şikes ýeten adamyň ýarasyna mal ýa-da ösümlik ýagyny çalmak, kartoşka ununy ýa-da külkeleri sepmek ýaly nädogry hereketler edilýär. Olar ýaranyň agyrysynyň azalmagyna ýa-da bitmegine ýardam etmän, eýsem, ýaranyň içki gatlagyna zyýanly mikroblaryň aralaşmagyna getirýär. Bu bolsa lukmanyň işlerini hem kynlaşdyrýar. Eşigine ot düşüp, tenine şikes ýetip ugran adamlar gorka düşüp, ylgamaly däldir. Teni ýanyp duran adamyň ör-boýuna galyp durmagy onuň bedenine köp sanly şikes ýetmegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de eşigine ot düşen adam dessine ýüzin ýatyp, eşigine suw ýa-da gum sepip, ony mümkingadar çalt çykaryp, aýyrjak bolmalydyr. Eşigine ot düşen ýa-da bedeni ýanan adamy howply ýerden seresaplylyk bilen çykarmak gerek. Onuň eşiginiň ot alan ýerlerini dessine söndürmeli. Adamyň eşiginiň onuň tenine ýelmeşen galyndylaryny ýaranyň ýüzünden sypyryp aýyrmaly däl. Teniň ýanan ýerlerine el degirmek we gabarçaklary deşmek ejir çekýäniň ýagdaýyny kynlaşdyrýar.

Hurmanyň peýdasy

Musulmanlaryň mukaddes aýy bolan oraz aýynda agyz bekleýänler hurmany gündelik iýmite goşmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Hurma bedeni kuwwatlandyryjy iýmitdir. Bu diňe bir süýji miwe bolman, eýsem witaminleriň we peýdaly maddalaryň hem çeşmesidir. Miwe mis, demir, magniý, sink, marganes, kaliý, kalsiý we A, C, B1, B2, B6 ýaly witaminlere baýdyr.

Hindistanda banandan ýarany bitiriji sargy hasasy ýasaldy

Hindi alymlarynyň täzeçil gözlegleri oba hojalyk galyndylaryny gaýtadan işläp, ynsan saglygy üçin peýdaly önümleri tapmaklaryna getirýär. Hindistanyň Ylym we tehnologiýa ulgamyndaky geljegi uly gözlegler boýunça institutynyň (IASST) alymlary banan süýüminden ýaralary sargy etmek üçin ekologiýa taýdan arassa lukmançylyk sargy hasasyny döretmegiň hötdesinden geldiler.Banany senagat taýdan gaýtadan işlemek bilen hindistanly alymlar täze çözgütleriň üstünden barýarlar.

Saglygyň gadyryny bilgil…

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edip, zyýanly endiklerden daş duruň! — Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!

Milli mirasy öwrenmek — şu günüň we geljegiň derwaýys wezipesi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny ähli ugurlarda mynasyp dowam etdirýär. «Biz milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny, taryhy şahsyýetlerimiziň geçen şöhratly ýollaryny ýaş nesle öwretmegi ündeýär. Häzirki döwürde baý mirasymyzy çuňňur öwrenmäge, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga giň ýol açyldy. Taryhy maglumatlara görä, türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň ojagy hökmünde mälim bolupdyr. Bäş müň ýyl taryhy bolan türkmen halkynyň geçmişinde ruhy hem maddy gymmatlyklary miras galdyran ägirt şahsyýetler sanardan köp.

Saglyk — baş baýlyk

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý ediň! * * *

Agyz bek­le­mek ar­ka­ly sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 2024-nji ýy­lyň 11-nji mar­tyn­da mu­kad­des Re­me­zan aýy baş­lan­ýar. Bu aý­da agyz bek­le­ýän­ler­de luk­man­lar sag­lyk bi­len peý­da­ly mas­la­hat­la­ry­ny ber­ýär­ler. Mu­kad­des Re­me­zan aýyn­da si­ziň iý­mi­ti­ňiz adat­da­ky­syn­dan ga­ty ta­pa­wut­lan­ma­ly däl­dir. Agyz bek­le­mek wag­ty­nyň köp wagt do­wam ed­ýän­di­gi se­bäp­li, ha­ýal öz­leş­ýän, ýag­ny siň­me­gi üçin 8 sa­gat tö­we­re­gi wagt ge­rek bo­lan iý­mit­le­ri ka­bul et­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le iý­mit­le­re bug­daý dä­ne­si­ni sak­la­ýan iý­mit­ler, gök önüm­ler, noý­ba, no­hut, mek­ge­jö­wen, ka­ba­çok, ys­ma­nak we beý­le­ki gök önüm­ler, mi­we­ler, gu­ra­dy­lan mi­we­ler, kiş­de, in­jir, ga­ra­ly, min­dal we beý­le­ki­ler gir­ýär.

On iki aýyň soltany

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Agyz bek­le­me­giň sag­ly­ga peý­da­sy

100 ýaşly amerikaly uzak ýaşamagyň syryny paýlaşýar

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 ABŞ-nyň ýa­şaý­jy­sy Çarlz Osing 100 ýa­şy­nyň do­lan­ly­gy my­na­sy­bet­li uzak ýa­şa­ma­gyň syr­la­ry­ny di­le ge­ti­rip­dir. Ol he­mi­şe he­re­ket­de bo­lan­dy­gy­ny, sagdyn iýmitlenendigini we yzy­gi­der­li maşk ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp­dyr.

Saglygyň gadryny bilgil...

– Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. – Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Zyýanly endikler diňe bir saglyga zyýan ýetirmän, eýsem, ol ösen döwletiň medeniýetine gabat gelmeýän närseleriň biridir. Ýaramaz endiklerden daşda durmak dünýä inýän ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý bolmaklygyny gazanmaga mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden goralmagyny kesgitleýän, şeýle önümleriň  Türkmenistana getirilen, ýerlenilen hem-de ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi Watanymyzda adam saglygynyň goralmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

Arkadag şäherindäki dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalarda ilatyň saglygy üçin ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Şolaryň biri-de Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir. Kliniki bölümleriň 12-sinden we kömekçi bölümleriň 8-sinden ybarat bolan bu merkezde eneleriň hem-de çagalaryň saglygyna gözegçilik etmek, gorap saklamak we dikeltmek üçin ähli şertler bar. Merkeziň operasion, maslahat beriş, funksional anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, fizioterapiýa, nesil saglygy ýaly bölümleri dünýäniň iň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Käbir lukmançylyk enjamlarynyň ýurdumyzda ilkinji gezek bu merkezde ornaşdyrylandygyny we häzirki wagtda olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ilata hyzmat edilýändigini aýratyn nygtamak gerek.