Çagalaryň sagdynlygy — maşgalanyň abatlygy

13 Mart 2024
1076

Enterobioz keseli dünýäde giňden ýaýran parazitar keselleriň biridir, ol, esasan hem, çagalaryň arasynda ýygy duşýar. Bu kesele «hapa elleriň keseli» diýilse hem dogry bolar. Enterobiozyň döredijisi ostrisalar, mikroblardyr. Ostrisalar diri jandarlar bolmak bilen, adamdan-adama galtaşma ýoly arkaly umumy zatlaryň — oýnawaçlaryň, mekdep enjamlarynyň (ruçka, galam we beýlekiler), şeýle hem arassalanmadyk iýmitleriň, gök önümleriň, miweleriň üsti bilen ýokuşýar. Ýokuşma howpy çagalaryň arasynda has ýokary bolýar, ýagny enterobiozly çagadan beýlekilere geçýär.

Ostrisalar adam bedenine düşenden soňra, şobada alamatlar ýüze çykmaýar. Esasy ilkinji alamatlarynyň biri artbujakda gijeme alamatlarynyň ýüze çykmagydyr. Ostrisalar nerw ulgamyna, esasan-da, çagalaryň özüni alyp barşyna ýaramaz täsir edýär, ukusynyň bozulmagyna getirýär, kellagyry peýda bolýar, okuwa-işe ukyplylygy peselýär, ýatkeşligi, ünsi bozulýar, gaharjaňlyk we beýleki alamatlar ýüze çykýar.

Keýik ÖWEZDURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller kafedrasynyň assistenti.