Üns beriň, bäsleşik!

1 Mart 2023
941

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher komiteti bilelikde «Adyň ýüreklerde aýdym, Aşgabat!» atly gözel paýtagtymyzy wasp edýän iň gowy makalalaryň, goşgularyň hem-de ak şäherimiziň täsinlige baý, binagärlik taýdan kämil künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň döredijilik bäsleşigini yglan edýär

Bäsleşige paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz, döredijilik işgärleri gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň baş maksady mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik, gözellik, ekologik abadançylyk, ýaşaýyş üçin döredilen köpugurly şertleri taýdan ýeten beýik sepgitlerini, ösüşlerini, täsin keşbini, halkymyzyň mähriban paýtagtymyza bolan belent söýgüsini, buýsanjyny mynasyp şöhlelendirýän, giňden beýan edýän iň gowy eserleri, fotosuratlary halkymyza ýetirmekden ybaratdyr. Bäsleşige hödürlenýän makalalaryň, goşgularyň möçberi 2 kagyzdan uly bolmaly däl. Döredijilik eserleri ozal başga gazetdir žurnallarda, dürli neşirlerde çap edilmedik bolmaly. Hödürlenýän eserler «Adyň ýüreklerde aýdym, Aşgabat!» atly bäsleşige diýen ýazgy bilen «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna şu ýylyň maý aýynyň 20-sine çenli gowşurylmalydyr. Bäsleşige hödürlenen makalalaryň, goşgularyň hem-de fotosuratlaryň iň gowulary «Aşgabat» gazetinde çap ediler. Bäsleşik Aşgabadyň güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda jemleniler. Ýörite döredilen eminler topary tarapyndan eserleriň iň gowulary saýlanyp alnar. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
39-96-24, 39-96-34.