Bakylygyň beýany

15 Fewral 2021
1679

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir» diýip, aryf-akyldara ýokary baha berýär. Döwlet Baştutanymyzyň golaýda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda akyldar şahyrymyzyň ýadygärligini açmaga görülýän taýýarlyklar barada habar berilmegi Gündogaryň beýik söz ussadynyň edebi mirasyna goýulýan hormat-sarpanyň ýene bir beýany hökmünde köňüllerimizi buýsanja besledi.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň ömri, durmuşy hakda alymlaryň aýdan sözleri ýüzýyllyklaryň dowamynda dünýä edebiýatynyň altyn sahypasyny bezäp gelipdir. Polýak ýazyjysy Aleksandr Hodzko-Boreýko, wenger alymy Arminiý Wamberi, Peterburg uniwersitetiniň professory I.N.Berezin, akademik W.W.Bartold, Ý.A.Bertels, F.A.Bakulin, A.N.Samoýlowiç, Ukrain Ylymlar akademiýasynyň akademigi A.E.Krymskiý bu ugurda uly işleri alyp bardylar.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.