Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

28 Ýanwar 2021
2128

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalara beslenýär. OYR-nyň Akina – Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň ulanylmaga berilmegini mysal getirmek bolar. Bu Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň döredijilik syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder. Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze giň gerimli taslama hem şuňa gönükdirilendir. Bu taslama ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Şeýlelikde, biz Arkadag Prezidentimiziň ägirt uly meýilnamalarynyň, hakykatdan-da, durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda «açyk gapylar» hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.

Elbetde, häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk-energetika düzümi milli, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Mähriban Arkadagymyz halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan möhüm merkezinde ýerleşen hem-de uly üstaşyr kuwwatyna eýe bolan döwletiň Baştutany bolmak bilen, şol ugurlarda iri möçberli taslamalaryň başyny başlaýar. Şol taslamalar ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir. Lebap topragynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina – Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi, Kerki – Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar – Akina hem-de Serhetabat – Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar hem muňa şaýatlyk edýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani gatnaşdylar.