Iň beýik serpaýdyr — Watan serpaýy!

27 Ýanwar 2021
1971

Merdan HALLYGYLYJOW,
podpolkownik:

— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly şatlyk-şowhun bilen taýýarlyk görýän günlerimizde baýramçylyklaryň goşa-goşadan gelmegi, ýagny Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylmagy tutuş türkmen halkynyň, ylaýta-da, bu şanly senäniň sebäpkärleri bolan biz — Watan goragçylarynyň buýsanç duýgularyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dostlukly gatnaşyklaryň, ynamly hyzmatdaşlyklaryň ilerleýän merkezine öwrüldi. Halkara derejesindäki şan-şöhraty we at-abraýy has-da ýokary derejelere göterilýän eziz Diýarymyz bu günki günde dünýäde ýaşamak üçin iň bir amatly we asuda döwletleriň biri bolup durýar. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňe sürýän başlangyçlarydyr taýsyz tagallalary bar. Dünýä asudalygyny berkarar etmek bilen, ýurdumyzyň parahatçylygyny nazarlaýan milli Liderimiz biz — Watan goragçylarynyň öz mukaddes kärlerinde talabalaýyk zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ajaýyp şertleriň döredilmegi hem-de asylly zähmetiň miwesi hökmünde uly hormata mynasyp bolmak harby gulluga bolan höwesiňi has-da artdyryp, täze üstünliklere itergi berýär. Ynha, maňa-da Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» atly medalyň II derejesiniň gowşurylmagy baýramçylyk buýsanjymy goşalandyrdy. Mukaddes harby gullugymyza ýokary baha berip, Watanymyzyň abadan durmuşy, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza ähli Watan goragçylarynyň adyndan alkyş aýdýarys we milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!