Saglygyň sakasy — arassaçylyk

27 Ýanwar 2021
2060

TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Saglygyň sakasy — arassaçylyk» ady bilen wagyz-ündew duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň hem-de dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan göreş çäreleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Ilatyň, şol sanda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň döwletimizde ynsan saglygynyň ileri tutulýandygyna doly şaýatlyk edýändigini çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, çykyşlarda dogry iýmitlenmegiň, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegiň we bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň saglygyň girewidigi nygtaldy. Jemgyýetçilik ýerlerinde iki metr howpsuz araçägi saklamak, agyz-burun örtüklerini dakynmak, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak, düzüminde ýokumly maddalar bolan gök-miwe önümlerini köpräk iýmek talyplara maslahat berildi.

Aýnatäç NEDIROWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri.