Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

21 Ýanwar 2021
1838

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, şol sanda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleriň her biri, şeýle hem üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar halkymyzda buýsanç döredýär. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda iri taslamalaryň amala aşyrylmagy şeýle buýsançly we taryhy waka boldy. Munuň özi Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki—Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralardyr.

Bu dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu iri taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklary gadymyýetden gözbaşly türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň senenamasyna täze sahypa ýazyldy.

Tawus ABDULMUSLIMOWA,
Aşgabat şäherindäki 25-nji orta mekdebiň mugallymy.