Yklymlara uzaýar dostluk ýollary

19 Ýanwar 2021
2106

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
 — Bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, öňdengörüji we maksada gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýarys.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir ýylymyzy mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz hem uly üstünlikleri, ösüşleri bilen geldi. Ýylyň aýratynlygyny alamatlandyrjak bu başlangyç göwünlere ganat, täze üstünliklere badalga bolup, halkymyzyň ruhuny ýokary göterdi, köňüllerde buýsanç döretdi. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen işler, uzak geljegi nazarlaýan belent maksatlar ýyla badalga boldy. Dünýäde Türkmenistanyň at-abraýy has-da belende göterildi.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».