Çagalar bagynda surat sapaklarynyň guralyşy

17 Ýanwar 2021
4996

Çagalar baglarynda körpeler şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrylýar. Sungat mekdebe çenli ýaşly çagalarda döredijilik başlangyjyny ýüze çykarýar. Şol sebäpli çagalar baglarynda şekillendiriş sungaty sapaklaryny talabalaýyk guramak terbiýeçileriň esasy wezipesi bolup durýar.

Çagalar baglarynda körpelere şekillendiriş sungaty öwredilende surat çekmek, şekiljikleri ýasamak, ýelimlemek ýaly sapaklaryň geçişine aýratyn üns berilýär. Bu sapaklar özara baglylygy sebäpli, milli maksatnama boýunça olar üçin umumy temalar göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, orta toparda “Ýaşyl baýdak” temasy ilki ýelimlemek sapagynda geçilýär, soňra baýdagyň şekili (ululygy, bölekleriniň gatnaşygy) baradaky düşünjeler surat sapagynda ulanylýar.

Güldana ÇARYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 47-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.