Buýsanja beslenen dabara

13 Ýanwar 2021
1871

11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň hormatyna dabaraly maslahat geçirildi. Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň we A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikdäki «Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!» atly edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrülip, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu kompozisiýa halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň adyna bolan çuňňur söýgüsiniň we beýik hormatynyň aýdyň beýany bolup ýaňlandy.