Gymmatly hem dermanlyk ösümlik

18 Dekabr 2024
146

Zeýtun müň bir derdiň dermany hasaplanylýar. Bu ösümlik gadymy döwürlerden bäri ekilip gelinýär. Taryhy maglumatlara salgylanyp aýdanymyzda, ol irki döwürlerden bäri mukaddesligiň, berekediň, parahatçylygyň, asudalygyň nyşany hasaplanypdyr. Onuň miwesinde adam üçin peýdaly maddalar saklanýar. Ynsan bedenine ýokumlylygy bilen tapawutlanýan zeýtun ýagy hem peýdaly bolup, halk lukmançylygynda ulanylýar. Gadymy greklerde zeýtundan alynýan ýaga «garramazlygyň dermany» diýlipdir.

Zeýtun agajy subtropiki howa şertlerinde ösmegi halaýar. Ol welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Mydam gök öwsüp oturan zeýtun agajy agrotehniki talaplara laýyk ideg edilende, köp hasyl bermäge ukyplydyr. Özi-de uzak ýaşaýan agaçlaryň biridir.

Ogulsuraý TÄÇMÄMMEDOWA,
«Balkan».