Ýene-de Meňli hakynda

11 Dekabr 2024
328

Magtymguly atamyzyň şahsy durmuşy hemmelere gyzykly. Ýöne wagt çäginiň daşlygy, XVIII-XIX asyrlaryň syýasy durnuksyzlygy köp maglumatlaryň ýitmegine getiripdir. «Magtymguly öz söýen gyzy Meňlä öýlenipdirmi, ol gyz kim?» diýen ýaly sowallary halk köpçüliginden häli-şindi eşitmek bolýar. Bu barada gapma-garşylykly pikirler köp. Takmynan, 300 ýylyň wakalarynyň içinde bolup, anyk maglumatlary ýazyp beýan edip giden adam ýok. Magtymguly atamyzyň goşgularynda-da bu barada jedelsiz jogap goýmandyr ýa-da biziň günlerimize gelip ýetmändir. Bu jogaby diňe biziň günlerimize gelip ýeten rowaýatlardan, Magtymguly atamyzyň nebereleriniň gürrüňlerinden, onuň goşgularyndan manysyny teswirläp almaly bolýar.

Bu pikir barada adaty adamlar we Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler iki topara bölünýärler. Birinji topar Magtymguly Meňlä öýlenipdir, soňra pelegiň şumlugy, ýagny Meňliniň dünýeden gaýtmagy zerarly aýra düşüpdir diýen pikiri öňe sürýär. Ýöne bu pikiri öňe sürýänleriň subutnamalaryny gowşak görýän.

Annagurt ANNAGURDOW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.