Taýýarlykly garşylandy

6 Dekabr 2024
235

Gyş pasly öz hökümini ýöredip başlady. Maldar üçin synag döwri bolan bu pasla Lebap welaýatynyň maldarlary-da ykjam taýýarlyk gördüler. Güýzde mallar üçin 8169 tonna dürli görnüşli ot taýýarlanyp, bu baradaky meýilnama 101 göterim berjaý edildi. Güýz gyrkymynda 103,8 tonna ýüň almagy başaran maldarlar dessine kaşarlary abatlamagyň ugruna çykdylar. Netijede, uzak örüdäki 317 kaşar doly abatlanyp, çopanlara berkidildi. Şonuň ýaly, mallary wagtlaýyn saklamak üçin gurnalan agyllaryň-da ählisi doly abatlanyldy. Mahlasy, welaýatyň öri meýdanlarynda hiç bir desga ünsden düşürilmedi. Hatda bar bolan 551 guýynyň ählisiniň gyşda ýyly suw berip durmagy üçin ätiýaçlyk serişdeler bilen üpjün edildi.

— Welaýatymyz boýunça şu ýyl iri şahly mallaryň 1158-sini, dowarlaryň hem 69 müň 127-sini gyşlatmaga girişdik. Düýeleriň baş sany 2396-a ýetdi. Köşekleriň-de sany az däl. Olaryň-da gyşladyljak ýerlerinde ot gorlaryny döretdik. Esasan-da, iri çöpli, ýandaga baý ýerleri düýelere gyş örüsi üçin saýlap goýduk. Öňki ýyllaryň gyşynda ýüze çykan käbir kynçylykly ýagdaýlar indi gaýtalanmaz ýaly, çopan-çoluklaryň we sarwanlaryň ünsüni halypa çopanlaryň iş tejribelerini öwrenmäge gönükdirdik — diýip, Lebap welaýat Maldarçylyk we guşçulyk önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Ruslan Jumakulyýew biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy. Şundan soň bizde hem şeýle tejribeli, halypa çopanlaryň biri bilen söhbetdeş bolmak höwesi döredi. Şonuň üçin Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygyna geldik. Görüp otursak, bu hojalykda bütin ömrüni çopançylyga bagyş eden halypalar örän köp ekeni. Olaryň biri Söwerkul Jomardowy döwletimiz «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglapdyr. Tutuş maşgalasy bilen çopançylyk edýän Söwerkul Jomardowyň baý iş tejribesi bar. Gyşyň döredýän her bir kynçylygyndan ussatlyk bilen baş alyp çykýan halypa çopanyň ýaşlara öwredýän sapaklary özboluşly mekdep. «Gyş hernäçe gazabyna tutanda hem çykgynsyz ýagdaý bolmaýar. Aljyraman, emele gelen kynçylygy ugurtapyjylyk bilen ýeňip geçmek gerek» diýip, Söwerkul Jomardow aýdýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).