Geljekki ýeňişlere badalga

30 Noýabr 2024
250

Geçen asyryň 70 — 80-nji ýyllarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda 10 jiltlik ýörite ensiklopediýa taýýarlanylyp, olaryň her biri uly göwrümli kitap görnüşinde okyjylara ýetirilýär. Kitabyň ilkinji jildi çykanda, men mekdep okuwçysydym. Kyblam, alym Orazmyrat Garahanow kitaby öýümize alyp gelende aýdan sözleri häli-häzirem ýadymda: «Türkmeniň dana akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyr bossanyndaky: «Kitap okan gullar magnydan dokdur...» diýen gyzyla gaplaýmaly nesihatlaryndan ugur alyp, şu kitaby we onuň indiki çykjak jiltlerini, umuman, kitaplary aýawly saklap, yzygiderli okasaň, geljekde saňa hemişe hemra we goltgy bolar...».

Görkezilen kitabyň on jildini we goşmaça türkmen hem-de rus dillerinde çykarylan jiltlerini gözümiň göreji deý saklap gelýärin we mümkinçiligim boldugyndan olary yzygiderli okaýaryn.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.