Ömür örki tebigatda

22 Noýabr 2024
221

Bu waka 2016-njy ýylda bolupdy. Şol ýyl belli geolog, paleontolog Aman Nigarowyň öz kärdeşi Irina Dubrowo bilen bilelikde ýazan, türkmen, rus, iňlis dillerinde taýýarlan «Türkmenistanyň gadymy pilleri» atly kitaby giň okyjylar köpçüligine gowuşdy. Täze kitap hem-de onuň awtorlarynyň biri, seýrek hünärli alym bilen ýakyndan tanyşmak islegi bizi Aman Nigarow bilen duşurdy. Şol duşuşykda Aman aga bize alyp baran ylmy işleri hakynda gyzykly gürrüň berdi. Onuň täsin gürrüňleri ýurdumyzdaky tebigy ýadygärliklerdir şol ýerlerde ýaşan jandarlary göz öňünde janlandyrýar.

Aman Nigarow 1932-nji ýylda Mary welaýatynyň häzirki Mary etrabynyň Mülk üç urug obasynda doglupdyr. Ol ilki obalaryndaky ýediýyllyk mekdebi tamamlaýar, soňra şol döwürde Mary şäherindäki 2-nji mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. 1949 — 1953-nji ýyllar aralygynda şol döwürde Aşgabatdaky ýokary mugallymçylyk institutynyň geologiýa-geografiýa fakultetinde okaýar. Instituty tamamlandan soňra, ol öz okan fakultetinde paleontologiýa mugallymy bolup işe başlaýar.

Meretgylyç ÝAGMYROW,
žurnalist.