Janym, tenim, ruhum şu Watandadyr

16 Noýabr 2024
309

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew öz ömründe uly şahsyýet derejesine göterilmegi başardy. Meşhur şahyr. «Uly», «meşhur» ýaly garamatly epitetleri her kime rowa görmek, ýabşyrmak mümkin däl. Ýöne men Atamyradyň öz şahsyýetine-de, tutuş döredijiliginde kemala gelen, formirlenen şahyrana şahsyýetine-de belet bolanym üçin bu epitetleri ulanýaryn. Muny subut etmek üçin birnäçe kitap ýazyp bolardy. Men onuň durmuşdaky, jemgyýetdäki, dost-ýarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň, ony tanaýan adamlaryň arasyndaky abraýynyň örän uly bolandygyny bilýänim üçin oňa uly şahsyýet diýýärin. Onuň, türkmeniň ýene bir meşhur şahyry Nobatguly Rejebow aýtmyşlaýyn, «Azaballa» bilen ýetişdiren şahyrana şahsyýetiniň halkymyzyň begenjine begenip, agysyna aglap bilýän ýürekdeşine, akyldarlarynyň birine, watançysyna... öwrülendigini bilenim üçin meşhur şahyr diýýärin. Garaşsyz Watanymyzda öz halkynyň, öz bagtynyň, öz ýurdunyň şahyry bolmagy başaryp, söz söýerleriň hakydasynda we ýüreginde, milli edebiýatymyzyň sahypalarynda orun almagy başaran A.Atabaýewiň şygyrlary, hemişe bolşy ýaly, şu günem söýlüp okalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, edebiýatymyzy galkyndyrýan döwründe, megerem, şahyr üçin iki dünýe şundan zyýada mertebe bolmasa gerek.

Muhammetguly AMANSÄHEDOW,
filologiýa ylymlarynyň doktory, professor.