Halkyň saglygy hakynda alada döwletiň baş wezipesidir

9 Oktýabr 2024
475

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany hem-de onuň jan saglygyny gorap saklamak baradaky taýsyz tagallalary halkymyzda uly buýsanç döredýär. Şunuň bilen baglylykda Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleri, şypahanalar ulgamy, sport toplumlary, sport mekdepleri, atçylyk-sport toplumlary döredilýär.

Ynha, bu gün hem 9-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabatda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri halkymyza hyzmat edip başlady. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi 7 gatdan ybarat bolup, onda 20-den gowrak bölümler hereket edýär. Şonuň bilen baglylykda Kinezoterapiýa we gidroterapiýa bölüminiň wertual reabilitasiýa otaglary hem-de ol ýerde gurnalan Karen enjamlar toplumy iň ýokary kämil tehnogiýalar bilen üpjün edilendir. Onuň Ikinji gatynda Ablitasiýa bölüminiň 3D dinamiki lokomotor terapiýa otaglary ýerleşip, bu ýerde iň ýokary döwrebap lukmançylyk  enjamlary oturdylan. Mundan başga-da iň kämil enjamlary öz içine alýan Ortopediýa bölümi hereket edip, onda ulular üçin ýörite reabilitasiýa zallary häzirki wagtda halkyň hyzmatyndadyr.

Şöhrat GURBANMÄMMEDOW,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň mugallymy