Saglyk — başymyzyň täji

9 Oktýabr 2024
402

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär. Bu nurana baýramyň bellenilýän gününde welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler we ýetilýän sepgitler dogrusynda söhbet etmek diýseň ýakymly. Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde hem bu ugurda taryha altyn harplar bilen ýazylaýmaly işler alnyp barylýar.

Tutuş Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk welaýat köpugurly hassahanasynda watandaşlarymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary guralýar. Bu ýerde dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly ildeşlerimize ýokary derejede hyzmat edilýär. Hut şu ýylyň özünde hem hassahananyň ozaldan bar bolan döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň üsti ýetirildi. Has takygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy satyn alnyp berildi. Häzirki wagtda bu enjamlaryň doly işe girizilmegi ildeşlerimize berlen saglyk serpaýydyr. Arkadag şäherinde işläp başlan «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilen lukmançylyk enjamlarynyň, lybaslarynyň uly tapgyrynyň gelip gowuşmagy hem bu saglyk merkezindäki lukmanlar üçin şanly ýylyň iň ajaýyp sowgatlarynyň biri boldy.

Gadam HEMRAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.