Sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi

7 Oktýabr 2024
552

Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýurdumyzda durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Munuň özi berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyklarynyň we dostlukly gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly itergi berýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem halkara guramalary, daşary döwletleriň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, eksport mümkinçilikleriň ýokarlanmagyna giň ýol açýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýaponiýanyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw maslahaty geçirildi. Sanly ulgam arkaly guralan bu okuw maslahata Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we salgyt edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Ýaponiýaly hünärmenler Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny ornaşdyrmakda amala aşyrylmaly işler bilen bagly soraglaryň üstünde jikme-jik durup geçdiler.

Begenç ÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.