Uglewodorod serişdeleriniň emele gelşi

26 Awgust 2024
649

Uglewodorod serişdeleriniň emele gelşi baradaky çaklamalarda olaryň organiki we organiki däl emele gelşi barada aýdylýar. Nebitiň we gazyň organiki emele gelşine esaslanyp, iri nebit-gaz toplanan zolaklary açmakda uly işler edilip gelinýär.

Nebitiň genetiki tebigatyny we onuň emele geliş şertlerini öwrenmekligi ylym birnäçe döwre bölýär. 1-si — ylmy garaýyşdan (1546 ý.) öňki döwür. 2-si ylmy çaklamalar döwründe 1759-njy ýylda rus alymy M.W.Lomonosow tarapyndan nebitiň organiki emele gelmesi baradaky pikir aýdyldy. Nebitiň emele gelşi baradaky ylmy çaklamalaryň 3-nji döwri nebit senagatynyň döredilmegi we ösdürilmegi bilen baglydyr. Bu döwürde nebitiň organiki däl (mineral) we organiki emele gelşi barada ençeme çaklamalar peýda boldy.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.