Teşnelige tenekar

22 Awgust 2024
526

Düýe çaly ynsan saglygyny goramakda we dürli kesellere garşy göreşmekde örän ähmiýetlidir. Onuň adamyň bedenine we saglygyna peýdaly täsirleri sanardan kändir.

Türkmen halky asyrlarboýy düýe çalyny, agaranyny diňe bir gündelik iýmit hökmünde däl-de, dermanlyk üçin hem peýdalanyp gelýär. Bu önümiň dermanlyk aýratynlyklary ylmy taýdan doly subut edildi. Jana şypaly düýe çaly we agarany türkmen saçagynyň bezegidir. Ol adamyň diňe bir teşneligini gandyrman, eýsem, bedendäki suwdur duzuň, mikroelementleriň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün etmäge ýardam edýär. Özüne mahsus bolan ysy we tagamy bilen tapawutlanýan düýäniň süýdi we çaly örän arassa önümdir. Düzüminde kesel dörediji mikroorganizmleriň, çüýrediji bakteriýalaryň ösüşini togtadýan kömür we süýt turşularynyň saklanmagy düýe süýdüni, çalyny uzak möhlet ulanmaga mümkinçilik berýär.

Sapardurdy ANNADURDYÝEW,
Ahal welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany.