Rys­gal ta­ýa­gy

12 Awgust 2024
464

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, yrym-ynançlaryny düýpli öwrenmek işlerine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan gözlegler däp-dessurlaryň düýp mazmunynyň we gelip çykyşynyň ýüze çykarylmagyna, olaryň geljek nesiller üçin saklanylmagyna ýardam eder.

Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz zähmetiniň netijesinde halk arasyndan toplanylyp giň köpçülige ýetirilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda maldarçylyk hojalygyna uly ähmiýet beren ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyndan syzylyp dörän çopançylyk käri, çopan taýagy bilen baglanyşykly köpsanly nakyllar getirilýär: «Çaly çopan tanar, ýalňyşy — çeper», «Gelniň aýagy, çopanyň — taýagy», «Çopan taýagy bir goýun üçin hem göterer, müň goýun üçin hem», «Geçiň taýak iýesi gelse, çopanyň taýagyna süýkener», «Çopanyň aýagy ýetmedik ýere, taýagy ýeter», «Çopansyz mal bolmaz, kethudasyz — il», «Çopan çopany tutar, daýhan daýhany tutabilmez». Bu nakyllardyr atalar sözlerinde türkmen halkynyň gadymdan bäri ýöredip gelýän maldarçylyk hojalygynyň inçe syrlary durmuş tejribesi bilen utgaşdyrylyp beýan edilýär.

Maýa BEKNAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.