Il saglygy — ýurduň gymmatly baýlygy

12 Awgust 2024
439

Lukman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy indi çärýek asyrdan gowrak wagt bäri üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzda ösen jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, saglygy goraýyş-anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş we şypahana-dynç alyş düzümleri döredilip, olaryň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän döwrebap binalary gurlup ulanmaga berildi.

Häzirki zamanyň kämil tehnologiýalarydyr enjamlary bilen doly üpjün edilen, halkara derejeli şeýle saglyk merkezlerinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenýär. Keseli anyklamak, bejermek we onuň öňüni almak babatda ähli döwrebap şertler döredilen şol saglyk merkezleriniň ilat arasynda keselçiligiň azalmagynda, dürli keselleriň düýbünden ýok edilmeginde ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap mümkinçilikleri-de şu babatda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Amanjan TOÝMÄMMEDOW,
Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň lukmany.