Sardoba

7 Awgust 2024
695

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe suw ulgamynyň işine aýratyn üns berilýär. Bir mahallar az suwly, gurak howaly ýurt hökmünde tanalan Türkmenistan, bu günki gün bol suwuň hözirini görýär. Halkymyz üçin teşnelik diýen düşünjäniň ymykly ýat bolmagy, geljekki nesillerimiziň ol derdi hiç mahal duýmazlyklary üçin suw goruny döretmek hem häzirki döwürde döwletimiziň suw syýasatynyň esasy wezipesi bolup durýar.

Ýurdumyzda bar bolan suwlary tygşytly ulanmakda howdanlar we bentler aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin, irki döwürlerden bäri daýhançylygy kesbine öwrüp, bereket tapan ata-babalarymyz suw howdanlarynyň ençemesini el zähmetleri bilen gurupdyrlar. Şolaryň biri-de sardobadyr. Sardobalar, esasan, tegelek görnüşli gurulýan hem bolsa, kähalatda olaryň inedördül görnüşleriniň duş gelýändigi baradaky maglumatlara-da gabat gelinýär.

Hydyrguly WOHANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.