Päk zähmet joş alýar

8 Iýul 2024
681

Bäherden etrabynyň gallaçylary şu günler yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň bol hasylly meýdanlarynda zähmet gaýnap joşýar. Şeýle jogapkärli möwsümde gallaçylaryň, ussat mehanizatorlaryň, awtoulag sürüjileriniň arasynda medeni-dynç alyş dabaralaryny guramakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işler hem guwandyryjydyr. Ýörite tassyklanan meýilnama esasynda günortanky arakesme wagtlarynda meýdan düşelgelerinde geçirilýän çäreler möwsüme gatnaşyjylaryň göwünlerini götermekde, olary zähmet üstünliklerine galkyndyrmakda hem-de armalaryny ýetirmekde ähmiýetlidir.

«Armaň, gallaçylar!» ady bilen geçirilen nobatdaky medeni-dynç alyş dabarasy has-da täsirli boldy. Onuň barşynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, degişme sahnalary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Öňdebaryjy zähmetkeşlere jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.