Topraga yhlas — berekediň gözbaşy

27 Iýun 2024
629

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeler ýylyň-ýylyna ýetişdirilýän hasylyň artmagyny üpjün edýär. Şu günler hem ekin meýdanlarymyzda galla oragy barha gyzyşýar. Edermen gallaçylarymyzyň Watan harmanyna tabşyran ak bugdaýynyň eýýäm 1 million tonnadan geçendigi hem topraga siňdirilýän umumy yhlasyň guwandyryjy netijeleridir.

Ata-babalarymyz topraga, hasyla hormat bilen garamalydygyny terbiýe mekdebiniň bir sapagy hökmünde durmuşymyza ornaşdyrypdyrlar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Döwek döwülýän wagtynda Mirhaýdar babanyň hormatyna, harmanyň ýele tarapynda taýak dikilipdir. Hasyldan alnan däneden ilki bilen ýarma taýýarlanypdyr. Soň bugdaý üwelip un edilipdir we tamdyrlara yzly-yzyna ot goýberilipdir. Täze bişen çörek birek-birege hödür edilipdir. Sebäbi çöregiň tagamyndan bugdaýa edilen yhlasy duýupdyrlar». Bu aýdylanlar halkymyzyň ak bugdaý, umuman, hasyl, zähmet bilen baglanyşyklylykda ýerine ýetirilýän işleriň ählisine başdan-aýak uly yhlas bilen çemeleşendiklerini, ol zatlaryň aňyrsynda-da agzybirlik atly güýjüň durandygyny görkezýär.

Ylýas SEÝITMYRADOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.