Bol hasylyň aladasynda

25 Iýun 2024
534

Tarp ýerli Garagum etraby Mary welaýatynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda ýylyň-ýylyna gowy görkezijileri gazanýan etraplaryň biri. Şonuň üçin etrabyň «ak altyn» ussatlary gazanýan netijelerini Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda has hem ýokarlandyrmak maksady bilen, 20 müň 400 gektara sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, kesellere durnukly, ýokary hasyl berýän orta süýümli gowaçanyň naýbaşy sortlaryny ekip, ondan 48 müň 900 tonnadan gowrak «ak altyn» almak üçin yhlasly zähmet çekýärler. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, bu günki gün uzaklara ýaýylyp gidýän ekin meýdanlarynda ýaşajyk ösümlikler ülpüldeşip, göreniň göwnüni göterýär. Bol hasyl almak üçin möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagynyň zerurdygyna garagumly pagtaçylar öz iş tejribeleriniň mysalynda göz ýetirip gelýärler. Şeýle bolansoň, häzir pagtazarlyklarda otag, ýekelemek, hatarara bejergilerini talaba laýyk geçirmek, gowaçalary goşmaça iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreş çärelerini amala aşyrmak ýaly derwaýys işler ýokary guramaçylykly we utgaşykly dowam etdirilýär.

Şu günler gowaçalaryň hatarara bejergisinde yzyna degişli gurallar tirkelen traktorlaryň 100-den gowragy öndürijilikli işledilýär. Işine ökde mehanizatorlar tarapyndan erk edilýän şol traktorlaryň 40-a golaýy daýhan birleşiklerine, 45-si oba hojalyk önümçilik birleşigine, galanlary bolsa hususyýetçilere degişlidir. «Şu gün düýnküden, ertir şu günküden gowy işlemeli» diýlen ýörelgäni özlerine hemra edinip, wagt bilen hasaplaşman zähmet çekýän pagtaçylaryň we olaryň ýardamçylarynyň işleriniň ilerlemegine möwsümleýin işler bilen baglanyşykly yglan edilen bäsleşikleriň jeminiň ýygy-ýygydan jemlenilip, ýaryşlarda üstün çykýanlaryň höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanylyp durulmagynyň işlere uly itergi berýändigini hem nygtasym gelýär.

Gandym ORAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesiniň başlygy.