Galla oragyna girişildi

17 Iýun 2024
788

Halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerine esaslanyp, galla oragyna girişilmegi mynasybetli geçen anna gününde Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginde aýdym-sazly dabara guraldy. Oňa welaýatyň ähli künjeginden oba hojalyk ulgamynyň edara-kärhanalarynyň, medeniýet we sungat ugrunyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy.

Altyn başly bugdaý atyzynyň ýanynda türkmen ak öýleri gurnalyp, toý gazanlary ataryldy. Möhüm möwsümde ulanyljak kombaýnlaryň, tehnikalaryň, milli gymmatlyklarymyzyň sergisi, türkmen toýuna mahsus dabara, görkezme sport çykyşlary, beýleki tomaşalar guraldy. Bu möwsümi hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen garşylan babadaýhanlar şu ýyl welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýyny ýetişdirip, 265 müň tonna hasyla garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Şöhrat ABDYÝEW,
žurnalist.