Baharyň waspy

13 Mart 2024
1217

(Şahyrana oýlanma)

Arly gyş egnine ak ýorgany ýapynyp ýatan mes toprak ir baharyň bol Güneşiniň nuruna gerinjiredi. Daýhanyň geçen güýz topraga atan tohumyny bu gün görmäge göz gerek. Ene ýere mäkäm penje uran güýzlük bugdaýyň göm-gök maýsasy ýaz ýeline özboluşly şybyrdap, tolkun atýar. Ýaňy dürterip ugran ýylakdyr gyrtyçlaryň üstündäki çyg damjalary Gün nury bilen çaknyşyp, göz gamaşdyryjy ýalkymy emele getirýär. Çyg düşen otlaryň arasyna girersiň welin, aýagyň dyzyňa çenli öl-suw bolar. Güjük, pişik ýaly haýwanlar çyg düşen otluga girmäge ýaýdanýarlar. Sebäbi çygda olaryň aýaklarynyň tüýleri ezilip, üşeýär. Goýun-guzy, owlak-geçi çyg düşen oty her niçik ajyksalar hem iýmezler. Sebäbi çygly maýsany iýseler, olar içleriniň sanjylajakdygyny bilýärler.

Bahmaljan KARIMOWA,
Daşoguz şäherindäki 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.