Tebigata söýgi — Watana söýgi

28 Fewral 2024
1387

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Hut şonuň üçin ynsan ogly mydama tebigatyň, tebigy gözellikleriň aşygy. Çünki tebigat öz owadanlygy we sazlaşygy bilen adamyň diňe bir ýaşaýşyny, durmuşyny gözelleşdirmän, ruhy dünýäsini hem baýlaşdyrýar, ylham-joşgunyny oýarýar. Şuňa laýyklykda owadan tebigata, özboluşly ösümlikdir haýwanat dünýäsine eýe bolan güneşli Diýarymyzda biziň her birimiz olaryň has hem baýlaşmagy, gözelleşmegi, netijede daşky gurşawyň abadançylygy üçin yhlas etmäge borçludyrys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, tebigatdan tygşytly peýdalanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen juda oýlanyşykly işlenilip taýýarlanylan, öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslandyrylan «Ýaşyl ösüşiň strategiýasy» ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bu taglymatyň netijesinde ata Watanymyzyň ekoulgamy ýylsaýyn baýlaşýar, halkymyzyň saglygyna hem oňaýly täsir edýär.

Meretnazar BEGLIÝEW,
Çärjew etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.