Pomidoryň bol hasyly ýetişýär

9 Ýanwar 2024
1609

Ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök önümler bilen üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde Daşoguz welaýat «Azyk önümçilik birleşiginiň» Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhanalar toplumynyň agzybir işgärleri hem her ýyl ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu ýyladyşhanalar toplumynda indi birnäçe ýyldan bäri pomidoryň «Bonditto» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär we ilatymyzyň bu önüme bolan islegleri doly kanagatlandyrylýar. Bu toplumyň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, onda 4 bölüm hereket edýär we işgärleriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Işgärleriň ählisi özlerine berkidilen işi ýokary derejede berjaý edýärler. Toplumda ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk ýagdaýyny kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler esasynda dolandyrylýar.

Toplumyň göreldeli işgärlerinden Gülendam Gazakowany, Aýnur Nuryýewany, Göwher Sabyrowany, Aýbölek Begmyradowany görkezmek bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, ýyladyşhananyň agzybir işgärleriniň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde pomidordan bol hasyl alynýar. Gözüňi dokundyrýan bol hasyla duran pomidorlary synlanyňda, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň ýylsaýyn artýandygyna bolan buýsanjyň goşalanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa, ter gök önümler bilen ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň iş ýüzünde doly berjaý edilýändigini tassyklaýar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.