«Bagdan» gury iýmiş gerekmi?!

7 Ýanwar 2024
1677

Gury iýmişleriň jemlenen ýeri diýilse köpleriň ýadyna «Bagdan» haryt nyşanly önümleriň düşjegi ikuçsuzdyr. Gysga wagtda halkyň islegini kanagatlandyrmagy başaran bu hususy kärhana 2017-nji ýylda telekeçi Azat Durdyýew tarapyndan esaslandyrylýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Bagdan» haryt nyşanly konditer we gury iýmişleri gaýtadan işleýän kärhanada gury iýmişleriň 41, konditer önümleriniň 24, dürli tagamly türk rahat lukumlaryň 20 görnüşi, şeýle-de çipsileriň önümçiligi amala aşyrylýar.

Üç gektar meýdany eýeleýän bu kärhananyň bişirme, şokoladdan geçýän bölüm, taýýar önümi gaplama ýaly bölümleri bolup, onda «Şokotop», «Sonar», «Roman», «Newdat», «Illi», «Kempos», «Şokohan» ýaly dürli hilli miwe tagamlaryny berýän şokolad örtükli süýjüleriň, şeýle-de pisseli, fundukly, hozly, badamly, wanilli, kokos, şokolad örtülen rulet şekilli lukumlaryň köp görnüşleri öndürilýär. Şeýle-de kärhananyň çipsi we maňyz sehleri bolup, olarda «Bagdan» haryt nyşanly pisse-maňyz, çipsiler gaplanylýar.

Muhammet ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.