"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys. Bilim ulgamynda öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris. * * *

Ýaş meýletinçiler — täze başlangyçlar

Täze taryhy zamanamyzda giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli, oňyn dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki taslamalara, forumlara işjeň gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň 12 — 16-njy awgust aralygynda Gyrgyzystanyň Çuý sebitinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň Halkara meýletinçilik mekdebiniň okuw maslahatyna gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi günsaýyn artyp, olar belent sepgitleri nazarlaýarlar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris» diýmek bilen, ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuna, jogapkärçiligine we adamzadyň olara bildirýän ynamyna aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnam

Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin

Türkmenistanda ilkinji gezek çagalara bagyşlanan halkara sergi-ýarmarka geçirildi Çagajyklaryň şadyýan gülküleri dünýäniň iň uly gymmatlygyna deňelýär. Ine, şeýle ýörelgä eýerilýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda körpe nesil hakynda döwlet derejesinde bimöçber uly aladalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaşajyk ildeşlerimize dürli goldaw-kömekler berilýär. Şu ýylyň 19 — 22-nji awgustynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy hem şeýle asylly işleriň özboluşly dowamyna öwrülip, çagalara ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary bagyşlady.

Tomsuň ýatdan çykmajak güni

Azymgeldi ŞYHOW,Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Paýhas» bilim merkeziniň hünärmeni: — «Kids Ekspo» halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzdaky bilim we dil merkezleriniň işleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. «Paýhas» bilim merkezinde 6 ýaşdan ýokary ähli raýatlarymyz mental arifmetika, matematika, fransuz, nemes, iňlis, rus dilleri, programmirleme, grafiki we 3D dizaýn boýunça ussat hünärmenlerden sapak alýarlar. Bilim merkezimiziň işi — gyşky, ýazky, tomusky we güýzki tapgyrlara bölünip, her tapgyr 12 hepde dowam edýär. Mundan başga-da, «Paýhas» bilim merkezi sergileri, iýmit şüweleňlerini, sportuň dürli görnüşleri we kitap okamak boýunça bäsleşikleri hem geçirip durýar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bimöçber alkyşlarymyzy aýdýarys.

Türkmen ýaşlary “Algoritm” okuw merkezinde IT hünärlerini öwrenýärler

“Pähim-paýhas ummany-Magtumguly Pyragy” ýylynda beýik sepgitlere ýetýän Watanymyzda ylym-bilim günsaýyn gülläp ösýär. Elbetde, bu ösüşleriň sakasynda Hormatly Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň diýseň uly tagallalary bar. Sebäbi biziň Watanymyzda ýaş nesil baradaky alada mydama döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ösüşlere Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň “Algoritm” okuw merkezi hem öz uly goşandyny goşýär. “Algoritm” okuw merkezinde ýaşlara diňe bir kämil bilim bermek bilen çäklenilmän, eýsem, dürli önümçilik ugurlary üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Asylly käre buýsanç

Mugallymçylyk — dünýädäki iň asylly hünärleriň biri. Indi kyrk ýyl bäri mugallymçylyk edýärin welin, şonda-da her ýyl «Ilkinji jaň» dabarasynyň öňüsyrasynda tolgunýaryn. Sebäbi bu dabara öňümizde jogapkärli möwsümiň — täze okuw ýylynyň başlanýandygynyň buşlukçysy. Bu jaň sesi mundan kyrk ýyl öň ilkinji sapar çaga okatmak üçin synpa girenimdäki tolgunmamy ýada salýar. Häzir Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde mugallym bolup işleýärin. Biziň mekdebimizde okap, hünär edinen ýaşlar Mary we Lebap welaýatlarynyň orta mekdeplerinde başlangyç synp mugallymy ýa-da mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim işgäri we terbiýeçi bolup işleýärler. Şundanam görnüşi ýaly, kärimiz ýurdumyzyň ösüp gelýän körpe nesline döwrebap terbiýe we başlangyç bilim bermek bilen gönüden-göni bagly.

Usuly-amaly okuwlar guramaçylykly geçirildi

12-17-nji awgusda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň bilim işgärleriniň  usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen geçirilen bilim işgärleriniň awgust aýyndaky usuly-amaly okuwlary täze mazmunda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda netijeli guraldy. Usuly-amaly okuwlarda hormatly Prezidentimiziň bilim barada eden çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, okuw maksatnamalarynyň, okuwçylara berilýän bilimiň hilini, okatmagyň usulyýetini, mugallymlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirilip, öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribelerinden sergiler guraldy. Etrap bilim bölüminiň hünärmenleri tarapyndan iş tejribeleri öwrenilýän bilim işgärleriň tejribelerinden kitapçalar, bukjalar, edilýän işleriň bukletleri sergide görkezildi.

Erjel hem tutanýerli ýaş himiýaçy

Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly ulag mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr. Bagtyýarlyk gadamlary bilen barha rowaçlyga beslenýän eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşlerinde himiýa pudagyna-da uly orun degişlidir. Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen pudakda uly ösüşler gazanylýar. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bu pudak üçin-de häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar. Gaýtadan işleýän senagatyň beýleki ulgam dörediş pudaklarynda bolşy ýaly, himiýa senagatyna hem milli ykdysadyýeti çig mala esaslanmaýan ösüş ýoluna geçirmek boýunça meseleleriň çözgüdini tapmakda, täze pudaklaryň kemala gelmeginde, dürli görnüşli hem-de bäsdeşlige ukyply daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, içeriki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin hem-de daşarky bazarlarda giň islege eýe bolan eksporta ugrukdyrylan önümleriň möçberlerin

Terbiýeçilikde döwrebap usullar

Ýakynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen pedagogik işgärleriniň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesidigi, bilim özgertmeleriniň has-da işjeňleşdirilmegi, döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklykda üpjün edilmegi, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri baradaky çykyşlar diňlenildi.

Täze okuw ýylyna ýokary taýýarlyk bilen

Mugallymlar möwsümden öň

12 — 17-nji awgusty aralygynda Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda bir hepdelik usuly-amaly okuwlar geçirildi. Okuwyň esasy maksady — tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak we okatmagyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän nusgalaryny bilim işine ornaşdyrmak. Okuwçylaryň ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan bilim maksatnamalary esasynda çagalaryň dürli taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmek, olaryň medeni-estetik garaýyşlarynyň kemala getirilmegi, döredijilik ukyplaryny, tebigy, ylmy, tehniki bilimlerini, bedenterbiýä we sporta bolan höwesini ösdürmek ýaly meseleler mugallymlaryň üns merkezinde bolup, olar barada ara alyp maslahatlaşyldy.

Mekdep bazaryndan mekdebe

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde mekdep bazarlarynyň gyzgalaňly wagty. Bu söwda nokatlary öz alyjylarynyň isleglerini doly kanagatlandyrýar we geljegimiz bolan ýaş nesle, mekdep okuwçylaryna gerek bolan, ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini elýeter bahadan ilata hödürleýärler. Şeýle mekdep bazarlary sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem 1-nji awgustdan bäri halka hyzmat edip gelýär. Bu bolsa raýatlarymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Mekdep bazarlarynda okuwçylara niýetlenip ýörite tikilen egin-eşiklerden başlap, ähli okuw dersleri üçin niýetlenen harytlaryň dürli görnüşlerini bu ýerden tapmak mümkin. Özem ýurdumyzda öndürilen harytlar.

Döwrebap işler, guwandyryjy netijeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işiniň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi netijesinde hemmetaraplaýyn bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly nesil kemala gelýär. Ösüş-özgerişli döwrümizde ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, il-günümize mynasyp, kämil bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmekde Ahal welaýatynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işler has-da guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäginde welaýatda bilim-terbiýeçilik işi barha kämilleşdirilýär, yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynyň sany ýylsaýyn artýar. Geçen okuw ýylynda ýurdumyzyň bu sebitinde bilim edaralarynyň 374-si, şol sanda umumybilim berýän mekdepleriň 240-sy, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 133-si, şeýle-de welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket etdi. Okuw ýylynyň dowamynda mekdeplerde, şol sanda welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda okuwçylaryň 225 müň 174-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň 25 müň 893-si döwrebap bilim we terbiýe aldy.

Hytaýda we Malaýziýada tejribelik geçýärler

Ýurdumyzyň nebitgaz ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaga ýöriteleşen baýry bilim ojagy bolan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ugurdaş halkara guramalardyr kompaniýalar bilen ylym-bilim ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) we Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamalaryň çäginde türkmen talyplaryna agzalan ýurtlarda okuw-önümçilik tejribeliklerini geçmek üçin döredilýän şertler hem bu ugurdaky işleriň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hereket edýär. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, «CNPC-niň» we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň 16-njy awgustyndan bäri uniwersitetiň talyplar topary Pekindäki Hytaýyň Nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýär.

Talyplyk bagty

Zehinli ýaşlara giň ýol Talyplyk bagtyna eýe bolmak täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň müňlerçesine miýesser etdi. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýip bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, zehinli ýaşlaryň müňlerçesi özleriniň saýlan hünäri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girdiler. Şanly ýylda talyp bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirýäris.

Bilim işgärleriniň awgust maslahaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady iň oňat dünýä tejribesi we halkymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary esasynda berkidilýär. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda möhüm tapgyr — täze okuw ýyly başlanar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda her ýylyň awgust aýynda bilim işgärleriniň maslahatynyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ady bilen adybir şygar astynda welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler jaýynda welaýat derejesinde bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Maslahatda, ilki bilen, Döwlet senasy ýaňlandy.

Ýaşlar döwrüň belentliginde

Ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk derejede ylymly-bilimli, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, medeni-ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaşlar syýasatynyň özenini düzýär. Şeýle-de ýaşlaryň döredijilik we jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, giň gözýetimli we başarnykly, watançy şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky aladalar biri-biriniň üstüni ýetirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bolsa ýaşlar syýasatynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ähmiýetli boldy. Geçen ýyl Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumyň geçirilmegi ýaşlar syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Üstümizdäki ýylda bolsa ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň uly topary doganlyk Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä Ýaşlar forumyna gatnaşdy. Dünýäniň 100-den gowrak döwletinden wekilleriň gatnaşmaklarynda geçirilen bu halkara foruma biziň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen dö

Pugta ynamyň eýeleri biz

Gahryman Arkadagymyz ýaşlar baradaky aladany döwlet durmuşynyň iň möhüm wezipesi hökmünde ileri tutýar. Bu parasatly ýörelgäni peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz has-da ösdürmek bilen, täze belentliklere göterdi. Munuň şeýledigi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine işe girişen ilkinji günlerinde taryhy hakykat hökmünde örboýuna galdy. Çünki bu günki ýaşlaryň ertirki ýurt eýeleridigi, olaryň döwletimiziň ady bilen dünýä çykjak nesillerdigi, ýurdumyzyň abraý-mertebesi bilen beýgeljek raýatlardygy baradaky taryhy hakykaty hormatly Prezidentimiz bir pursatlyk hem üns merkezinden düşürmeýär. Hut şeýle bolansoň Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar meselesini öz alyp barýan ýörelgeleriniň iň naýbaşylarynyň hatarynda öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek bilen bagly anyk wezipeleri kesgitledi. Hut geçen ýyl «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem, öňden hereket edip gelýän kanunçylyk namalaryna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegi hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň gujur-gaýratyna, ylym-bilim

Belent borç, jogapkärli wezipe

Bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň badalga aljak güni barha golaýlaşýar. Welaýatymyzda-da oňa irgözinden gowy taýýarlyk görüldi. Orta mekdepleriň, mekdep-internatlaryň yşyklandyryş, ýyladyş, suw üpjünçilik ulgamlary abatlanyldy, ders we synp otaglarynda, sport meýdançalarynda bejeriş-rejeleýiş işleri geçirildi. Biz bu ugurda ýerine ýetirilen işler dogrusynda gürrüň bermegini sorap, welaýat baş bilim müdirliginiň mekdep bölüminiň başlygy Kerimbergen Maşaripowa ýüz tutduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: — Berkarar döwletimizde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap şertlerde okamaklary, bilim almaklary, terbiýelenilmekleri barada yzygiderli tagallalar edilýär. Her ýyl oba-şäherlerimizde ösen tehnologiýaly enjamlar bilen abzallaşdyrylan täze mekdepler, çagalar baglary gurulýar. Öňden hereket edip gelýänleriniň durky täzelenilip, zamanabap keşbe getirilýär. Biziň welaýatymyzda-da bu wajyp iş ýylyň-ýylyna göwnejaý ýola goýulýar. Üstümizdäki ýylyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde hem etrap-şäherlerimizdäki orta mekdepleriň, mekdep-internatlaryň 396-synda abatlaýyş-bejeriş işlerine guramaçylykly girişildi. Ähli bilim ojaklarynyň ders we synp otaglary, sport meýdançalary, kitaphanalar, çagalaryň iýmitlenýän na

Ruhy baýlyk