"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Röwşen geljege şamçyrag Ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çyn ýürekden wepaly, ruhubelent, giň gözýetimli, kämil bilimli, anyk maksatly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Çünki, ýaş nesle berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýatdyr. Şoňa laýyklykda hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Sanly bilim ulgamy – mümkinçilikleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin e

Ylym ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy aýdyň geljegi nazarlaýar

Ylym ýurduň ösüşleriniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmy hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary halkymyzyň we döwletiň durmuşynyň gündelik meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugurlary aýdyň beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Biziň ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu mejlisde eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, döwletimiziň ylym ulgamynda ylmy-barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem ylmyň, tehnikanyň ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi ylym, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.

Bagtyýarlygyň ygtybarly ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ähli ugurlarda, pudaklarda gazanylan ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň berk binýady bolup durýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär, halkymyzy örän buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan beýik ösüşleri, ulanmaga berlen desgalary synlanyňda hem ýürek buýsanjyň goşalanýar. Şeýle desgalaryň hatarynda bilim ojaklarynyň, täze mekdepleriň hem bardygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi bilim ulgamyna, ýaş nesilleriň döwrebap bilim öwrenmeklerine uly üns berilýändigini beýan edýär. Şu ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny aýdyň beýan etmek bilen, halk bähbitli işlere uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, bele

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň belentlikleri nazarlaýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Biziň ýurdumyzda, ilki bilen, ylym-bilimiň ileri tutulýan, öňde goýlan maksada ýetmegiň ygtybarly ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde, dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnikalar bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek. Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgamda ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýa

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze görnüşlere eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, bilim ojaklarynda hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama dolanyşygy, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Çagalaryň durmuşynda ertekileriň ähmiýeti

Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ählisi üns-alada bilen gurşalyp alynýar we olaryň düşünjesiniň ösmegi üçin dürli usullar peýdalanylýar. Esasan hem, olar bilen terbiýeçilik sapaklaryny guramak, oýunlar arkaly dünýägaraýyşlaryny giňeltmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. Şunda halk döredijilik eserleri bolan ertekileri peýdalanmak hem örän ýerliklidir. Ertekiler körpelere iň düşnükli bolan we sada dilde beýan edilýän çeper eserdir. Şonuň üçin hem çaga terbiýesinde ertekileriň hyzmaty uly bolup durýar. Pähimdar pederlerimiz hem ýaş nesilleriň terbiýesinde halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Esasan hem, nakyllary, ertekileri peýdalanmak arkaly milli terbiýäni beripdirler. Çagalar bagynda bu ugry ösdürmek bilen terbiýeçiler körpelere ertekileri gürrüň berýärler, ýörite multimedia tagtasynda surat şekilleri bilen ertekileriň gahrymanlaryny janlandyrýarlar. Şeýle usulyň özi körpelerde uly gyzyklanma döredýär, aýdylýan erteki hakynda pikirlenip başlaýar, ýagşylygyň, birek-birege kömek etmegiň, dostlugyň manysyna düşünmäge çalyşýar. Bu bolsa çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmeginde ädilen ilkinji ädimdir.

Sowat öwretmekde kämil usullar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime uly üns berilýär, çünki kämil ýaşlary kemala getirmek röwşen geljegimiziň binýadydyr. Şonuň üçin hem ylymly-bilimli nesiller dürli pudaklarda üstünlikli iş alyp barjak hünärmenlerdir. Şeýle hünärleriň biri hem mugallymçylyk hünäri bolup, bu ugurda kämil ýaşlar ýetişýär. Bu ugurdan bilimleri öwretmek, pedagogikanyň aýratynlyklaryny düşündirmek bilen, geljekki mugallymlar, bilim işgärleri taýýarlanylýar. Esasan hem, mugallymçylyk ugrundan okaýan ýaşlara okatmagyň iň kämil usullary öwredilýär. Şu nukdaýnazardan, okatmagyň we pedagogikanyň käbir aýratynlyklaryna nazar aýlap geçmek zerurdyr. Bilim öwretmegiň öňdebaryjy usullary döwrebaplygy, çaganyň bilime bolan höwesiniň artdyrylmagyny nazara alýar. Şunda häzirki döwrüň mümkinçilikleri, şol sanda sanly tehnologiýalar, multimedia serişdeleri hem yzygiderli ulanylýar. Okatmagyň döwrebap usullary dürli-dürlüdir. Has takygy, umumy okuwlar arkaly aýry-aýry temalar, meseleler boýunça maslahat görnüşinde görelde sapaklaryny guramak, işjeň oýunlar arkaly sapaklary guramak, krosswordlar, testler, çekişmeler, internet maglumatlary esasynda slaýdlary taýýarlamak ýaly görnüşleri beýan etmek bolar. Matematika sapaklarynda san maglumatlaryny ulanmak, multimedia tagtasynda dürli görnüşli m

Körpeleriň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde pedagogik tehnologiýalaryň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan özgertmeler, kabul edilýän döwlet bilim resminamalary türkmen halkyny uly ösüşlere atarýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zaman tehniki serişdeleri arkaly pugtalandyrylýar. Bilimiň üsti bilen durmuşyň sungat, medeniýet, saglyk, bedenterbiýe ýaly ulgamlary her bir adamyň kalbynda kiçi ýaşlaryndan orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy uly ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň gidişinde täze usullar bilen işlemegiň ýola goýulmagy bellenildi. Konsepsiýada mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, «Innowasion tehnologiý

Ene dilim — eziz dilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge hem, olarda watansöýüjiligi kemala getirmäge hem binýat bolup durýar. Watansöýüjilik halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan sarpadan başlanýar. Munuň özi bolsa dilimizi öwrenmäge, söz baýlyklaryna düşünmäge biziň her birimizi ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylym-bilimiň ösüşine, ýaşlaryň giň dünýägaraýşyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň bilim almaklary, kämil hünärmenler bolmaklary üçin, ilkinji nobatda, ene dillerini bilmekleri, milli ruhda terbiýelenmekleri wajyp bolup durýar. Şonuň üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde türkmen diliniň çuňňur öwredilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň ilki bilen, ýaşlaryň okaýan ugurlaryna çuňňur düşünmeklerine, pikirini sagdyn beýan etmeklerine, iň esasysy bolsa, sagdyn pikirlenmeklerine oňat täsiri bardyr.

Tebigata söýgi döretmek maksady bilen

Türkmenabat şäherindäki 46-njy çagalar bakja-bagynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen gezelençleri maksadalaýyk guramagyň, olaryň daş-töwerek we tebigat baradaky düşünjelerini ösdürmegiň öňdebaryjy iş usullary» atly mowzukda usuly-amaly maslahat geçirildi.

Gyzykly zehin bäsleşigi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň okuwdan boş wagtyny täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen dürli usullardan peýdalanylýar. Bu işde mekdebiň taryh mugallymy Wepa Abdyrahmanowyň iş tejribesi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol sapaklary hem dürli bäsleşikleri we çekişmeleri geçirmek arkaly ýola goýýar. Onuň guran zehin bäsleşigi okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşik iki topar görnüşinde geçirildi we her toparda 10 okuwçy çykyş etdi. Wepa mugallym bu bäsleşigi synpara görnüşinde hem yzygiderli geçirýär.

Gymmatly gollanmalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbidini, ýurdumyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Şeýle döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý mazmunly kitaplary röwşen geljege uzaýan ýolda halkymyz üçin, aýratyn-da ösüp gelýän nesil üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Çünki bu eserlerde beýan edilýän parasatly pikirler halkymyzyň bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ajaýyp eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli ugurlarda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Baý many-mazmunly kitabyň watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döredýändigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde her birimiziň işimizde gymmatly gollanma bolup durýandygyna diýseň guwanýarys.

Dil öwrenmek derwaýys mesele

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýuirdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli orn

Milli bilim ulgamynda sanly özgertmeler

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegi babatda beýik başlangyçlar öňe sürülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa ornaşdyrylýan bilim özgertmeleri strategik maksatlary amala aşyrmagyň we ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmagyň esasy özenini düzýär. Çünki her bir ýurduň islendik ugurdaky ösüşiniň ýaşlara berilýän bilim-ylym bilen berk baglanyşyklydygy ählimize mälimdir. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Buýsanç bilen belläp geçsek, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, bilim bermegiň, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, okuw işiniň täsirliligini artdyrmak, bilim edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň intellektual ösüşini goldamak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklaryna, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasy

Türkmenistandan 13 sany ýokary okuw mekdepleri «THE World University Rankings 2025-iň» dünýä sanawyna girdi

Beýik Britaniýanyň «Times Higher Education» (THE) guramasynyň neşir eden dünýä uniwersitetleriniň ýyllyk görkezijisiniň täze neşirine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si «habarçy» derejesinde girdi. «World University Rankings 2025-iň» 21-nji neşirde ýurdumyzyň şu ýokary okuw mekdepleri ýerleşdi:

Synp sagatlarynyň ähmiýeti

Umumybilim berýän orta mekdeplerde synp sagatlarynyň ähmiýetli taraplary köpdür. Beýleki derslerden tapawutlylykda, synp sagadynda okuwçylar bilen özbaşdak pikir alyşmalary, söhbetdeşlikleri hem gurap bolýar. Ýurdumyz boýunça bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikler barada okuwçylara aýdýaryn. Has takygy, täze okuw ýylynyň başynda ähli welaýatlarymyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurlup ulanylmaga berlendigi hakynda maglumat berýärin. Döwrebap derejede gurlan bilim ojaklarynda dünýä ülňülerine laýyklykda bilim we terbiýe berilýändigi hakynda okuwçylara maglumatlary berýärin. Ýurdumyz boýunça, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşikleriň we ondaky gazanylýan üstünlikleriň bolsa, mugallymlarymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesidigi barada gürrüň berýärin. Bilimli nesli ýetişdirmek, jemgyýetiň ösüşine goşant goşýan hünärmenleri taýýarlamak asylly ýörelgä öwrüldi. Şunda mugallymlaryň bilim öwretmekleri aýratyn many-mazmuna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda esasy wakalar bilen bagly maglumatlary okuwçylara gürrüň berýärin. Berdimuhamet Annaýewiň çagalara bilim öwretmekde ussatlyk görkezendigi baradaky pursatlara okuwçylaryň ünsüni çekýärin.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Zähmet endiklerini kemala getirmek Umumybilim berýän orta mekdeplerde döredilen gurnaklaryň okuwçy gyzlar üçin uly ähmiýeti bardyr. Gurnaklarda okuwçy gyzlara el işlerini öwretmek, aşhana işleri — dürli tagamlary taýýarlamak bilen bagly düzgünler, arassaçylyk kadalary düşündirilýär. El işleri bilen baglanyşykly okuwçy gyzlarymyza keşde çekmek, haly dokamak, jorap örmek, kürte bejermek ýaly çylşyrymly işleriň inçe ýollary öwredilýär. El işleri taýýarlananda keşdelere salynýan gadymy nagyşlaryň döwrebap nusgalaryna täze öwüşgin berlip döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa nagyşlary has-da gözel görnüşe getirýär.

Görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň usullary

Mekdepde matematika sapagynyň dowamynda çaganyň aňynyň kämilleşmeginde, akyl-paýhas işjeňliginiň artmagynda, bilim derejesiniň, pikirleniş ukybynyň ösmeginde, öz ýalňyşyny düzetmekde we beýleki sapaklaryny özleşdirmekde küşt oýnunyň aýratyn täsiri bar. Küşt oýnunda meseleler, mysallar we testler uly orun tutýar hem-de onuň çaganyň logiki pikirlenmek ukybyny ösdürmekde, küşti durmuşda ulanmak başarnygyny we dialektiki dünýägaraýşyny kemala getirmekde ähmiýeti uludyr. Matematika sapaklarynda mekdep okuwçylaryna küşt oýnuny öwretmegiň pedagogikanyň ähli talaplaryna laýyk gelýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Ol çaganyň aňyny ösdürýär, gözýetimini giňeldýär, kanagatlylyk, sabyrlylyk häsiýetlerini kämilleşdirýär. Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde peýdalanylýan öwrediji oýunlar birnäçe toparlara bölünýär:

Çagalar baglarynda dabaraly pursatlar

Çagalar bakja-baglaryndaky dabaralar körpeler we olaryň ata-eneleri bilen geçirilýän aýratyn çärelerdir. Bu dabaralar körpeleriň terbiýelenmeginde we ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Körpelerde oňaýly duýgulary döretmäge, döredijilik başarnyklaryny we jemgyýetçilik ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär. Säherlikler dürli baýramçylyklara, möwsümlere ýa-da wakalara bagyşlanyp, ýörite meýilnamalar boýunça geçirilýär. Säherlikler körpeleriň hemmetaraplaýyn ösüşine goşant goşýar. Bu çäre körpelerde toparlaýyn hyzmatdaşlygy, beýleki çagalar we ulular bilen aragatnaşyk saklamagy, şeýle hem tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmegi öwrenmegine kömek edýär. Bu özüňe bolan ynamyň döremeginde we köpçüligiň öňündäki çykyş etmek gorkusyny ýeňip geçmekde möhüm ädimdir.