"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty

Dünýä akyl ýetirmegiň açary ylym-bilim hasaplanýar. Adamzat bilimleri özleşdirip, ylym öwrenip, öz-özüni açýar, şeýdip kämil şahsyýetler kemala gelýär. Bilim almak, ylmy özleşdirmek, bilenleriňi paýlaşmak ajaýyp işdir. Geçmişden bäri ata-babalarymyz bilime teşne, ylma yhlasly halkdygy bilen dünýä bellidir. Türkmen topragynda ýerleşen irki medreseler, mekdepler, meşhur kitaphanalar, ylym-bilim ojaklary munuň şeýledigine güwä geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürilýän ylym-bilim ulgamynyň geljegi has-da aýdyňlaşýar. Elbetde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly, belli bir käriň eýesi bolmagy ugrundaky aladalarymyz öz netijesini hem berýär. Bu gün bilim aljak, döretjek ýaş nesiller üçin ýollar açyk. Ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar, ylymly-bilimli ýaşlaryň ümzügi diňe öňe sary» diýen sözleri bu aýdyň geljegiň şamçyragydyr. Bu ge

Okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär

Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň geçirilip, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän maksatnamalar şol mümkinçilikleri giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmegiň wezipeleri kesgitlenendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen işlenip taýýarlanan bu Konsepsiýa esasynda iň gowy dünýä we milli tejribeleri esasynda bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde esasy ugur bilimli, ylymly, watançy şahsyýetleri kemala getirmek, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmek bolup durýar. Şunda pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeltmek, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak baş wezipeleriň biri bolup, döwletimiz tarapyndan bu ugurlaryň ösdürilmegi üçin degişli şertler döredilýär.

Gurnaklarda işler göwnejaý

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň bir ýa-da birnäçe ugurdan hünär edinmeklerinde etrap bilim bölümleriniň garamagyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň ähmiýeti uludyr. Bu babatda biziň döredijilik öýümizde hem netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde gurnaklaryň 34-si hereket edýär. Olara gatnaýan, hünär öwrenýän çagalaryň sany bolsa 1 müň 600-den geçýär. Gurnaklara gatnaýan çagalara tejribeli bilim işgärleriniň 30-dan gowragy hünär öwredýär.

Çagalaryň göreldesi ― ulular

Ýurdumyzda Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde welaýatymyzyň göreldeli oba hojalykçylarynyň dördüsine hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň gowşurylmagy ählimizi begendirdi. Bu Perman hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň işine goýulýan belent sarpadan ýene bir nyşandyr. Uludan bellenilen Hasyl toýy mynasybetli çagalar bakja-bagymyzda geçirilen ertirlikde hem şol sarpadan we oba hojalykçylarymyzyň gazanýan zähmet üstünliklerinden gürrüň açyldy. Çagalara zähmet çekmegiň, ýerden bol hasyl alyp, il-günüň rysgyna rysk goşmagyň iňňän hormatly işdigi düşündirildi.

Bilim — kämilligiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Häzirki döwürde şeýle beýik işleriň hatarynda bilim özgertmelerini hem aýratyn bellemek gerek. Çünki bilim özgertmeleri ýaş nesliň kämil, bilimli hünärmenler bolup ýetişmeginiň, ösüşiň aýdyň ýoluny kesgitlemegiň esasy ugrudyr. Ýaş nesilleriň kämilligi ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy. Ýurdumyzda bilim ulgamyndaky özgertmeler ösüp gelýän ýaş nesli okatmagy we terbiýelemegi has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň ösüşinde sanly ulgamyň we kompýuter tehnologiýasynyň döwrebap mümkinçilikleriniň aýratyn orny bardyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär, bu ugurda beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň batly gadamlary bilen öňe barýar. Şeýle möhüm işlerde ynsanyň kämil bilimi, hünärmenleriň ylmy garaýyşlary wajypdyr. Şonuň üçin hem ylym-bilim ösdürilýär, kämil hünärmenler taýýarlanylýar.

Usuly-amaly maslahat guramaçylykly geçirildi

Aşgabat şäherindäki 183-nji çagalar bakja-bagynda iki günlük usuly-amaly maslahat ýokary guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen usuly-amaly maslahata Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri we tejribeli terbiýeçileri gatnaşdylar. «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» diýen at bilen geçirilen maslahatda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy B.Annaýewiň çykyşy diňlenildi. Soňra Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji M.Pirliýewa «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» diýen tema boýunça çykyş etdi. Usuly-amaly maslahatda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri O.Matalowanyň «Çagalar bakja-baglarynyň bakja toparlarynyň terbiýeçileriniň hünärini kämilleşdirmekde usuly sagatlaryň, usuly okuwlaryň ähmiýeti we bu ugurda halypa-şägirt gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň, öňdebaryjy iş tejribäni öwretmegiň we ýaýratmagyň

Nusgawy edebiýaty öwretmek

Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdepde okuwçylara döwrebap bilim bermek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, hünäre ugrukdyrmak, kitaba, zähmete söýgi döretmek ugrunda döwrebap işler alnyp barylýar. Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen mekdebimizde her bir guraýan sapaklarymyzy multimedia tagtasyndan peýdalanyp, okuwçylara görkezmek, ses ýazgylaryny, aýdymlary diňletmek usulynda geçýäris. Bu bolsa geçilýän temalaryň okuwçylaryň ýatlarynda has gowy galmagyna ýardam edýär. Sapagymyzyň başynda okuwçylary ýurdumyzda bolup geçýän täzelikler, syýasy wakalar bilen tanyşdyrýarys. Watanymyzyň ösüş ýolunda ýeten belent sepgitleri bilen habarly bolmagy okuwçylaryň watançylyk duýgularyny ösdürýär. Edebiýat sapagy boýunça geçýän temamyza görä, nakyllary, söz ussady, akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihata, edep-terbiýä ýugrulan şygyrlaryny okuwçylara aýtdyrmak bilen girişýäris.

Okuwçylarda matematika gyzyklanma döretmek

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da belende galýar. Ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamy ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Okuwçylarda matematika dersine bolan höwesi döretmek mugallymlardan ýeňil bolmadyk zähmeti talap edýär. Göräýmäge, çözülişi ýönekeýje ýaly bolup görünýän, emma ýeterlik derejede çylşyrymly meseleler okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Sapakda programmalardan peýdalanyp, okuwçylara tema düşündirilende onuň täsirliligi has ýokarlanýar. Matematika sapaklarynda «GeoGebra», «Desmos», «SageMath», «Matlab» we başga-da birnäçe programmalardan peýdalanmak bolýar.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Taryh sapaklaryny okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek Her bir taryh mugallymy ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olarda watançylygy terbiýelemek işine aýratyn üns berýär. Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, şöhratly taryhymyzy çuňňur öwretmekde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlary we beýleki ajaýyp eserleri gymmatly çeşmelerdir. Orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça degişli temalarda bu eserlerden peýdalanmak okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmesini ösdürmäge, öwrenilýän taryhy maglumatlara düýpli göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ýaş nesli terbiýelemegiň nusgasy

Halypa-şägirtlik gatnaşyklary berkeýär

Halypa-şägirtlik ýoly asyrlaryň dowamynda durmuş tejribesini nesilden-nesle geçirmekde möhüm orny eýeleýän wajyp gatnaşyklaryň biri bolup gelýär. Bu ýörelge başarnykly we tejribeli halypalaryň ýaş nesle özünde toplan ylym-bilimini, tejribesini we hünärini geçirmek maksady bilen döredilen berk baglanyşykdyr. Halypa-şägirtlik gatnaşyklary diňe bir hünär öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine-de uly täsir edýär. Halypa tejribesi we bilimi bilen öňe saýlanýan, öz kesbi-käri, abraýy bilen jemgyýetde adygan adam hasaplanýar. Onuň esasy wezipesi öz bilimlerini we başarnyklaryny ýaş nesle geçirmegi, olar bilen paýlaşmagy öz içine alýar. Halypa şägirde diňe bir hünär taýdan ýol görkezmän, eýsem, ahlak, ynam, sabyrlylyk we ünsli bolmak ýaly durmuşyň dürli taraplaryny-da öwredýär. Halypa ýaşlara ýol görkezip, olary durmuşa ugrukdyryp, kynçylyklary nähili ýeňip geçmelidigi barada gymmatly öwüt-nesihatlaryny berýär.

Usuly-amaly maslahat

Şu gün paýtagtymyzdaky 183-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» ady bilen döwlet derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi. Çärä gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy iş tejribeli bilim işgärleriniň iş usullary esasynda taýýarlan okuw-görkezme esbaplaryndan, usuly işlerinden guralan döredijilik sergisini synladylar.

Okuw maslahaty

Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleriniň we bilermenler toparynyň okuw maslahaty geçirildi. Statistika we onuň usulyýeti boýunça geçirilen bu çärä Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi, guramanyň Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem-de agzalan institutyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Okuw maslahaty sebit ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşmagyň meýdançasyna öwrülip, onda degişli ugurda gatnaşyklary ilerletmekde mümkinçilikleriň uludygyna hem üns çekildi. Okuw maslahaty Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara integrasiýanyň işjeň tarapdary hökmünde çykyş etmek bilen, iri halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ylym-bilim merkezleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir.

DÜNÝÄNIŇ IŇ GADYMY ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI

Al-Azhar uniwersiteti. Müsüriň paýtagty Kairde ýerleşýän bu ýokary okuw mekdebi b.e.öň 970-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Şeýle ir döwürde esaslandyrylandygyna garamazdan, uniwersitet statusy diňe 1961-nji ýylda berlipdir. Bu mekdep döredilende dini okuw merkezi bolan hem bolsa, häzirki wagtda döwrebap okuw maksatnamalary esasynda bilim berilýär. Işewürlik, ykdysadyýet, lukmançylyk, oba hojalygy we inženerçilik uniwersitetiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bolon uniwersiteti. Bu ýokary okuw jaýy diňe bir Italiýada däl, eýsem bütin sebitde “Ýewropanyň iň gadymy uniwersiteti” statusyna eýedir. Uniwersitet 1088-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda abraýly orun eýeleýär. Çünki Italiýanyň görnükli syýasatçylarynyň birnäçesi, şeýle hem 3 sany Rim papasy bu uniwersitetiň uçurymlarydyrlar. Uniwersitet jemi segsen müň talyby özünde jemlemek bilen, olaryň otuz müňi ylmy derejelere dalaşgärlerdir.

DIL BILMEK — MÜMKINÇILIKLERIŇ AÇARY

Dile düşünmeseň, köňle düşünmersiň. Halkymyzyň söz gorunda “ýüreginden turmak, sözüň alyşmak” manylarda gelýän “dilini tapmak” diýen jüpüne düşen, gunt ýaly söz düzümi bar. Jaýdar aýdylan söz! Eýsem, dil adamzadyň özara baglanyşygyny, aragatnaşygyny üpjün edýän serişdesi dälmidir?! Dünýäde näçe halk bar bolsa, şonça-da dil bar. Emma käbir diller dünýä dili, ýagny ählumumy ykrar edilen halkara dil hasaplanylyp, resminamalarda, möhüm maglumatlardyr beýanatlarda işjeň ulanylýar. Şolaryň biri hem iňlis dilidir. Dil öwrenmek özge dünýä, özge saýýara aralaşmak, özge medeniýetler, pikir-düşünjeler bilen tanyşmak ýaly täsin duýgulary oýarýar. Daşary ýurt dilini özleşdirdigiçe ynsanyň şahsyýetinde täsin özgeriş duýulýar. Dil öwrenýän ynsanyň dünýägaraýyşy giňelýär, söz baýlygy köpelýär. Bu dünýä aralaşan her bir ynsan ähli mümkinçilikleriň altyn açaryny ele alýar.

Özara tejribe alyşmaga gyzyklanmalar

Golaýda Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Daşkent şäheri) Lýubomir Frebortyň ýolbaşçylygyndaky, Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy. Onuň maksady çeh bilim ojaklarynyň Türkmenistanda guralan ýarmarkasyna gatnaşmakdan we bilim ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmekden ybarat boldy. 4-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilen Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasynyň resmi açylyş dabarasy ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň talyplarynda, uçurymlarynda we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Oňa gatnaşan ýaşlara dostlukly döwletiň uniwersitetleriniň okuw maksatnamalary, daşary ýurtlarda okamagyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga, Çehiýada talyp durmuşynyň aýratynlyklary hakynda sowal-jogap alyşmaga mümkinçilik döredildi.

«Haly dokar, keşde çeker elleri»

Şeýle at bilen öňňin Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige topar bolup gatnaşan zähmet mugallymlary öz el işlerini sergi görnüşinde taýýarladylar. Onda ene-mamalarymyzdan galan gadymy gymmatlyklardan nusga alyp döreden mugallym zenanlaryň on barmagyndan dörän biri-birinden owadan el işleri, türkmen halylary, inçeden sünnäläp edilen keşdeleri, keşde önümleri hem-de alajalaryň görnüşleri bar.

Bilim bilen ganatlanýarys

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynda bilim ulgamyny türkmen milli ýörelgesi esasynda has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Şuňa laýyklykda, her ýyl ýurdumyzda häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr. Ýurdumyzda Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek bilen bagly meseleler ileri tutulýar.

Bilim binalarynyň şuglasy

Bu gün Aşgabat diýleninde, ilkinji nobatda, onuň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi göz öňüňde janlanýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherini ösdürmek we kämilleşdirmek işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Bina edilýän desgalaryň her biriniň gurluşygynda, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alynýar. Saglygy goraýyş, bilim beriş, sport we dynç alyş ýaly ençeme medeni jemgyýetçilik binalary Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzyň çäginde ylym-bilim ulgamynyň binalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň edara binalary ýaşlarymyzyň okap, döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler, döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen. 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde paýtagtymyzda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze, ak mermerli binalar toplumy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ak şäherimiziň ajaýyp keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän şeýle häzirki zaman okuw binalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň G