Ösüşlere badalga
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa ýaş türkmenistanlylaryň täze taryhy döwürde kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ösüşlere mynasyp goşant goşmaga bolan höweslerini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň degişli ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk saklamagy bolsa, milli bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär. Ösüşleriň belent ýollaryndan öňe barýan ata Watanymyzyň, edil ylym-bilim ulgamynda bolşy ýaly, halkara ykdysady we medeni gatnaşyklary hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen saklanylýan şeýle özara bähbitli hyzmatdaşlyklarda bolsa, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini bilmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär we onuň netijesinde dünýä dillerini suwara bilýän ýaş nesiller kemala gelýär.