"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Ylym mekdepden başlanýar

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky ýeňijileriniň bäşisiniň mekdep okuwçylary bolmagy örän guwandyryjy ýagdaý. Dogry, häzir olaryň dördüsi uçurym boldular, ýöne ylmy gözleglerini hut ak mekdepde geçirip ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasyndaky iň abraýly bäsleşikleriň biriniň ýeňijileri boldular. Bäş ýeňijiniň biri bolsa heniz hem orta mekdebiň okuwçysy. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy bilen başlanan täze okuw ýylynyň ilkinji aýyndaky sanymyzda bäsleşigiň şu ýylky iň körpe ýeňijileriniň ylmy gözleglerine we olaryň gazanan netijelerine ünsüňizi çekmek isledik. Zeýkeş suwlaryny ýaramly suwa öwren gyz

Ylym-bilim binýadymyz barha pugtalanýar

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyýetiniň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli bilim syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim, medeni kuwwaty barha pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylym-bilimiň binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan depginli işler esasy orun eýeleýär. Ylym-bilimi berkitmek, dünýä derejesine çykarmak we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatyndaky ajaýyp işler jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär we aýdyň ertirlere kuww

Ylym-bilim — geljege şamçyrag (Döwür we ýaşlar)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip belleýän Milli Liderimiziň ýaşlar hakdaky aladalary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde öz mynasyp beýanyny tapýar.

Zehinliniň gazanany üstünlik bolar

Ýaşlaryň arasynda zehinlileri, ukyp-başarnykly erjelleri ýüze çykarmakda geçirilýän bäsleşikleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Ine, şeýle bäsleşiklerde zehinli jigilerimiziň ýene biri bilen tanyş bolduk. Ol Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Çary Akmyradowdyr. Ol fizika dersinden birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagy başardy. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda gurnalan Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Şol bäsleşikde Çary Akmyradow «Elektrik toguny simsiz aralyga geçirmek» atly taslama işi bilen 3-nji orna, bürünç medala mynasyp boldy. Çary Akmyradow bu bäsleşigiň sergisine hem gatnaşyp, taslama işiniň ähmiýeti, gurluşy barada gürrüň berdi. Onuň bu taslama işi mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň birnäçesiniň ünsüni özüne çekdi. Çary jigimiz şu ýylyň mart aýynda şol taslama işi bilen umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda takyk ugry boýunça altyn medala eýe boldy. Şeýle-de

Arkadagyň sungaty

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän, sebitde «akylly» şähergurluşy bilen tapawutlanýan Arkadag şäheriniň binalarynyň her biriniň daşky görnüşi, binagärlik çözgütleri onuň şöhratly taryhymyza, medeni gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, milli medeniýetimize ýugrulan şäherdigine güwä geçýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň yhlasyndan, çuňňur paýhasyndan kemala gelen «akylly» şäheriň arhitekturasy geçmişi yzarlaýan, geljegi nazarlaýan milliligiň kämil nusgasynda gurlandyr. Täze şäherde halkymyzyň milli buýsanjy bolan dünýä belli ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrýan meşhur Akhanyň heýkeli sekizburçlukdan ýokary göterilýän daragt mysaly beýgelýän mermer arkaly mawy Ýer şarynda ýerleşdirilip, döwrebap şäherde öz mynasyp ornuny tapdy. Ady rowaýata öwrülen Akhana bagyşlanan binanyň belent başy suw çüwdürimi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň belent sepgitleri nazarlaýandygyny alamatlandyrýar. «Akhan» binasyny gurşap alan altynsow reňkli ganatly atlaryň nepis şekilleri binanyň ähmiýetini has-da açyp görkezýär. Onuň aýlaw germewi bolsa, türkmen binagärlik sungatynyň esasy bezeg nagşy bolan sekizburç şek

Zehinlere berlen belent baha

Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly filosofik eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olaryň üsti bilen il-ýurdumyzy belende göterýän meseleler barada giňişleýin söhbet edýär. Şol meseleleriň aglabasy ylym-bilim bilen baglanyşykly bolup durýar. «Jemgyýetde sowatly adamlar näçe köpeldigiçe, şonça-da zehinli adamlar has köp ýüze çykar» diýip, Gahryman Arkadagymyz ýazýar. Şu ugurda döwletimizde uly işleriň alnyp barylýandygyna, ýokary okuw mekdepleriniň döredilýändigine, olaryň geçen ýoluna we ylym-bilimiň ösüşine goşan goşantlaryna üns çekilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde jemgyýetiň iň bir düşünjeli, işjeň gatlagy hasaplanylýan ýaşlaryň bilim alýandygy hakynda möhüm gürrüň gozgalýar. Gahryman Arkadagymyz bu gürrüňi dowam etdirip, özüniň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde ýaşlar bilen geçiren duşuşyklaryny ýatlaýar. Şol duşuşyklaryň birisiniň — Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bolup geçendigi baradaky ýazgylary höwes bilen okaýarys. Sebäbi bu duşuşyk edil şu günki ýaly biziň ählimiziň ýadymyzda. Ol biziň institutymyzyň taryhyna iň bir ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup ornaşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýokary okuw

Pes gatlak basyşly guýularyň sütünlerini berkitmek üçin tamponaž kompozisiýasyny işläp düzmek

Uglewodorod serişdeleriniň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaklygyň ileri tutulýan meýilnamasy «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öz ornuny tapdy. Şol maksatnama laýyklykda, 2030-njy ýylda nebitiň gazylyp alnyşynyň derejesini bir ýylda 110 million tonna we gazyň alnyşyny bolsa ýylda 250 milliard kubmetre çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu sepgitlere ýetmek üçin dünýäde ylmyň iň soňky gazanan öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de tehnikalaryny nebitgaz pudagynyň önümçiligine ornaşdyrmak häzirki wagtda zerur bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, nebit we gaz guýularyny burawlamaklyga, esasan hem, olaryň sütünlerini berkitmeklige degişli bolan ylmy-tehniki işleriň mundan beýläk ösdürmekligine uly üns berilýär.

IŇLIS DILINDE GYSGALDYP ULANYLÝAN SÖZLERIŇ MANYSY

Iňlis dili dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biridir. Iňlis diliniň ýazuwynda köp ýer tutmazlyk we wagty tygşytlamak üçin

Baýry bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Şu gün Türkmenabat şäherinde ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze okuw ýylynyň ilkinji gününe gabat gelmegi onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ösüşleriň hem özgertmeleriň eýýamy

Häzirki wagtda ýaş nesillere berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralary sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň netijesinde giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini öwrenmäge höwesli täze nesil kemala geldi. Ýaş nesillerimiziň bilim başarnyklaryny dünýä dillerini öwrenmek arkaly artdyrýandyklary aýratyn guwandyryjydyr. Olara daşary ýurt dillerini öwretmekde täze tehnologiýalara, öňdebaryjy usullara daýanylýar. Ýaşlar elektron sözlükleriň, gollanmalaryň, kitaplaryň kömegi arkaly bilim derejelerini artdyrýarlar. Bilimiň ak ýolundan öňe barýan ýaş nesilleriň döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlary egsilmeýär.

Ýaşlar hakynda nusgalyk alada

Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Şunda berkarar döwletimiziň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty babatda döwrebap kanunçylyk ulgamy döredilýär. Asylly maksada gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň kämil kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Munuň aýdyň delili hökmünde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda», şeýle hem 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny mysal görkezmek bolar. Ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlary ykdysady taýdan goldamak maksady bilen, salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmelerde täze zähmet ýoluna gadam goýan ýaşlar babatda şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy boýu

Ylym-bilim — ösüşleriň ganaty

Her ýylda däp bolup gelşi ýaly, ertir ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden belleniler. Sahawatly güýzüň ilkinji gününde Diýarymyzyň bilim ojaklarynda täze, 2023 — 2024-nji okuw ýyly hem badalga alar. Şu mynasybetli guraljak toý-dabaralar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly seneleriniň üstüni ýetirer. Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde-de täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görüldi. Oba-şäherlerimizdäki orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 388-sinde abatlaýyş-rejeleýiş işleri geçirildi. Taýýarlygyň çäklerinde bilim ojaklaryndaky ders we synp otaglary abatlanyldy, yşyklandyryş ulgamy gözden geçirildi, sport meýdançalarynyň, ýanýodalaryň asfalt örtügi çalşyryldy. Mekdep kitaphanalary täze okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün edildi. Mahlasy, welaýatymyzyň ähli bilim ojaklary ertir badalga aljak täze okuw ýylyna doly taýýarlanyldy.

Bilim ojaklary barada

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren dünýäniň iň uly orta mekdebi Hindistanyň Lakhnau şäherindäki «Montessori» mekdebidir. Onda 2 müň 500 mugallym bilim berýär, 39 müň 437 okuwçy hem bilim alýar. *  *  *

Lagym suwlaryny arassalamakda täze usul

Soňky ýyllarda ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen bir hatarda senagat ulgamy-da çalt depginde ösýär. Pudaga elektroenergetika, nebitgaz, nebiti gaýtadan işlemek, himiýa we nebithimiýa, dokma, azyk senagatlary, maşyn gurluşygy, metal işläp bejermek, gurluşyk materiallary ýaly kärhanalar wekilçilik edýärler. Işe täzeçil çemeleşiş pudagyň gaýtadan işlemek kuwwatynyň ýylsaýyn artmagyna getirýär. Muňa 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň düzümindäki pudagyň paýynyň 33,8 göterime çenli ýokarlanmagy-da şaýatlyk edýär.

Söz manysyn aňar bolsaň...

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň «Jem bolup» goşgusynda: Tapabilseň hakykatyň merdini,Çeşmiňe totuýa kylgyl gerdini...

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlarda amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu habar diňe bir ýaşlarda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly şatlyk we buýsanç duýgusyny döretdi. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYС) resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi.

Ähli döwürleriň gymmatly baýlygy

Ähli döwürlerde-de ornuny hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan gymmatlyklaryň hatarynda mynasyp orun alan kitaba halkymyz hemişe uly baýlyk hökmünde garapdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halk döredijilik eserleriniň we nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleriniň gaýtadan neşir edilmegi hem şol garaýyşdan ugur alýar. Ajaýyp zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan höwesi barha artýar. Olar, esasanam, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, milli mirasymyza degişli kitaplary we çeper edebiýatlary uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Şol kitaplarda halkymyzyň dünýä nusgalyk ýol-ýörelgeleri baradaky oý-pikirler çuňňur beýan edilip, şol ýol-ýörelgeleriň ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde eýeleýän orny juda ýokarydyr.

Bedeneleriň ösüşine seolitiň täsiri

Ete ýöriteleşdirilen öý guşlaryny gysga möhletde azyklyk önüm üçin ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, olaryň biologiýasynyň aýratynlyklaryny peýdaly ulanmak we ýerli ot-iýmler hem-de mineral goşundylar bilen iýmitlendirmek arkaly ösüşini, önümliligini öwrenmegiň önümçilik we ylmy ähmiýeti ýokarydyr. Şeýle öý guşlarynyň hataryna bedeneler hem goşulýar. Bedeneleriň içgeçme kesellerini bejermekde, madda çalşygynyň kadaly bolmagyny gazanmakda, önümliligini ýokarlandyrmakda mineral iým goşundysy hökmünde tebigy seolit giňden ulanylýar. Ol bedeneleriň sagdyn nesil öndürijiligini artdyrmaga, ýelekleriniň tebigy öwüşginliligini saklamaga, beden kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga, sagdyn ösüşini hem-de kesellere garşy durnuklylygyny dikeltmäge kömek edýär. Tebigy seolit ýurdumyzyň günorta-gündogar sebiti bolan Bathyz goraghanasynyň çäklerinde duş gelýär. Ol owuntyk daş görnüşinde bolup, iýmite garmak üçin senagat taýdan gaýtadan işlenilip, un görnüşine getirilýär. Tebigy seolit mineral maddalara örän baý bolup, onuň düzüminde kalsiý, kaliý, magniý, kükürt, demir, sink, marganes, alýuminiý ýaly elementler bar.

Barlaglar önümçilikde beýanyny tapýarlar

Ýurdumyzyň esasy ykdysady sütünleriniň biri bolup durýan nebitgaz pudagynyň ähli ugurlaryny häzirki döwre laýyklykda netijeli çözmek üçin, ilki bilen, barlaglara içgin we yzygiderli üns berilýär. Bu babatda türkmen topragynyň baýlyklaryny, esasan-da, nebitdir gazyň çykarylyşyny netijeli we rejeli peýdalanmakda ylmy-barlag işlerini geçirmäge gönükdirilen syýasat möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär. Nebitli guýularyň, gatlaklaryň ilkinji özleşdirilen gününden başlap, işlenip geçmegiň tä soňky tapgyryna çenli nebit çykarylyşynda alnan maglumatlary we gatlaklaryň çäginde bolup geçýän prosesleri öwrenmegiň, seljermegiň hem-de sazlamagyň jogapkärli wezipesi — bu olarda döwrebap barlag işleriniň geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygy alymlaryň, hünärmenleriň, barlaýjylaryň üns merkezinden düşmän gelýänligidir. Has takygy, önümçilikde täze kabul edilen we ulanyşdaky her bir guýynyň önüminiň artdyrylmagy, hiliniň gowulandyrylmagy, önümli gatlaklaryň fiziki-himiki häsiýetleriniň, basyşlarynyň ylmy taýdan öwrenilmegi üçin barlag geçirilmeli guýularyň meýilnamasy düzülende anyk hem-de doly görkezilýär.

Nebitgazly ýataklarda ýokary tehnologik seýsmobarlaglar nebitiň çykarylyşyny artdyrar