"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Luk­man ene

Owadan Diýarymyzyň gül gujagynda, eşretleriň hözirini görüp, ogul-gyza, agtyk-çowluga guwanyp ýaşamak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Şeýle bagtly ynsanlaryň biri 1929-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Aşgabatda dünýä inen, 92 ýaşy arka atan Bossan Saryýewadyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan Bossan eje ogluna, gyzyna, agtyklaryna, çowluklaryna guwanyp, bagtly durmuş ýoluny dowam etdirýär. Agtyklary lukmançylyk, nebit-gaz, jemgyýetçilik ýaly dürli ulgamlarda yhlas bilen zähmet çekýärler. Bossan ejäniň çowluklaryndan ýokary okuw mekdebinde bilim alýany hem, Watan öňündäki harby gulluk borjuny ýerine ýetirýäni hem, mekdebe we çagalar bagyna gatnaýanlary hem bar.

Wasp edip bahary, zenan dünýäsin

Hoştap howaly bahar paslynyň gelmegi bilen dag-düzler ýaşyl dona bürenýär. Şeýle ajaýyp günlerde Halkara zenanlar güni mynasybetli eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary şatlyk-şagalaň bilen bellenilip geçilýär. Golaýda welaýat medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Kämillige badalga

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, amala aşyrylýan beýik özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär. Merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatyny has-da düýpli öwrenmek we ony dünýä ýaýmak babatda-da giň gerimli işler amala aşyrylýar. Milli medeni mirasymyza, aýdym-saz sungatymyza belent hormat-sarpa goýýan, ony wagyz etmekde nusga alarlyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiz: «Bize häzirki döwürde milli aýdym-sazymyzyň öçmez-ýitmez beýikligini kalbyna siňdirip, dünýä halklarynyň aýdym-sazlaryny düýpli özleşdirýän hakyky zehinler, ussatlar gerek» diýip sargyt edýär. Biz hem şundan ugur alyp, yhlasly zähmet çekýäris, hemişe döredijilik gözleginde bolýarys. Etrabymyzyň çäginde ýerleşýän çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasyndan zehinlileri ýüze çykarýarys. Islendik işde özara tejribe alyşmak kesp-käriňde kämilleşmäge oňyn itergi berýär. Şu hakykatdan ugur almak bilen, biz welaýatymyzyň beýleki etrapdyr şäherlerindäki kärdeşlerimiz bilen tejribe alyşmaga, ýörite okuwlary guramaga uly ähmiýet berýäris. Ine, ýakynda hem etrabymyzyň medeniýet-sungat işgärle

Ýaşajyk suratkeşiň üstünligi

Arkadagly döwrümizde ýaş nesliň döwrebap derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler ýaşlara halkara derejesindäki dürli bäsleşiklere gatnaşmaga we üstünlikli çykyş etmäge ruhubelentlik berýär. Okuwçy ýaşlarymyzyň halkara ders, internet we döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri şeýle diýmäge mümkinçilik berýär. Tejen şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülälek Körhanowanyň Özbegistan Respublikasynda geçirilen «Daşkentiň şatlygy» atly VIII çagalar surat bäsleşigine gatnaşyp, degişli baýraga mynasyp bolandygy hakdaky şatlykly habar ählimizi begendirdi. Has takygy, geçen ýylyň 10 — 15-nji dekabrynda geçirilen bu halkara bäsleşige dünýäniň birnäçe döwleti bilen birlikde, biziň ýurdumyzyň çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary hem gatnaşdy. Şonda Gülälek Körhanowa çeken suraty üçin höweslendiriji baýraga, ýörite sertifikata we ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldy. Ýakynda, ýaşajyk suratkeşe gazanan ajaýyp üstünligi üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hormat haty we ýadygärlik sowgady hem gowşuryldy.

Watanymyzyň saýrak bilbilleri

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-sazly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, şeýle-de çagalar döredijilik toparlary gatnaşdy. Etrabyň medeniýet we bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik bäsleşigi ýaş nesliň sungat baýramçylygyny ýatlatdy. Owadan şarlar we şekiller bilen bezelen sahna bagtyýar nesle sungat babatdaky zehinini, ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilikleri açdy. Şeýle bolansoň, kalplary joş alýan çagalar, şeýle-de çagalar döredijilik toparlary gezekli-gezegine sahna çykyp, ajaýyp çykyşlary bilen ol ýeri alaýaza beslediler.

Watan waspy dillerde

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna, şeýle hem bu ýylda uly dabaralar bilen belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän aýdym-sazly  dabaralar welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslenýär. Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet, Baş bilim müdirlikleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçiren aýdym-sazly dabarasynyň şatlyk-şowhuny ýetik

Ynsan bezegi

Asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, şu günümize ýetip gelen ahlak gymmatlyklar — adamkärçilige ýugrulan ajaýyp häsiýetler her bir ynsanyň ýaraşygy hasap edilýär. Ata-babalarymyz tarapyndan kämil derejä ýetirilip bize miras galan ajaýyp däp-dessurlarymyzdan başga-da, jemgyýetimizde ahlak gymmatlyklaryna hem uly orun berlipdir. Ynsaplylyk, lebzihalallyk, mertlik, sahylyk, myhmansöýerlik ýaly ynsanperwer häsiýetler nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň içinden hem eriş-argaç bolup geçipdir. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «...Elden gelen ýagşy işiň bolmasa, Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr» diýip, ýagşylygy ündäpdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyz bu günki gün hem şol ahlak gymmatlyklary ýol-ýörelge edinip, olary nesillere ýetirmegiň belent ruhy bilen ýaşaýar. Ynsanyň ajaýyp häsiýetleriniň biri bolan ynsaplylyk hakyndaky ýörelge adamzat ýaşaýşynda orun alan ahlak gymmatlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitapda hem ynsap bilen bagly ençeme pähimler ýerleşdirilipdir. Kitapda ýerleşdirilen «Ynsap hulky — onuň görki», «Ynsaply aşyny iýer, ynsapsyz başyny», «Ynsap — dinden, gaýrat — imandan», «Ynsap

Arkadagly ýurtda gyz-gelinler bagtyýar

Ynsan, aýratyn-da, gyz-gelin mertebesi belentde tutulýan ýurdumyzyň mübärek topragyna ýene-de göwünlere ylham berýän, rowaçlygyň we juwanlygyň nyşany bolan bahar pasly özüniň düşümli gadamlary bilen geldi. Toý-baýrama baý bu paslyň ilkinji günlerinde özi bilen bäs edişýän ýaz gylykly, mähir-muhabbete ýugrulan zenanlaryň Halkara baýramy gadamy düşümli bahar paslynyň gadyryny hasam artdyrýar. 8-nji mart — Halkara zenanlar güni! «Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda bu baýramyň dabaralary aýratyn many-mazmuna, joşgunly çärelere utgaşýar. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň mähriban gelin-gyzlary döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler.

Eýjejik hem şadyýan gyzjagazlar

Şu günler Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan gyzlaryň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşiginiň etrap, şäher tapgyrlary geçirilýär. Olarda birinji, ikinji orunlary eýelänler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry 3-nji orta mekdepde geçirilip, onda eýjejik hem şadyýan gyzjagazlaryň 16-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar Garaşsyz ýurdumyzyň beýik ösüşleri, bagtyýarlyk, agzybirlik, sport barada aýdymlary ýerine ýetirdiler, milli lybaslaryny şahyrana sözler bilen wasp etdiler, goşgulary labyzly okadylar.

Halypalardan tälim alyp

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly üns berýär. Soňky ýyllarda sungat äleminde zehinli ýaşlaryň birnäçesi ýüze çykardy. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti Döwran Joraýewdir. Ol okuwy tamamlap, 2010-njy ýylda teatrda işe başlady. Ýaş artist işe başlan gününden Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowa, Babageldi Rejepow, tanymal artist Bagsere Röwşenowa ýaly ussatlary özüne halypa edinip, etmeli işlerini, döretmeli keşplerini olar bilen maslahatlaşdy. Oňa Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi ýaly beýik şahsyýetlerimiziň keşplerini döretmeklik ynanylýar. Ol halypalaryndan öwrenen döredijilik usul-tärlerini zähmete bolan söýgüsi bilen dowam edýär.

Zamananyň belent waspy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine çykdy. Şol sanda milli medeniýetimizde hem oňyn özgertmeler bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerine, ynamyna jogap edip, biz — medeniýet işgärleri-de meýilleşdirýän işlerimiziň ýokary depginde amala aşyrylmagyny gazanmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleri bu ugurda zähmet çekýän ildeşlerimiziň üstünlikleri nazarlaýan ýollarynda şamçyraga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy halkyň arasynda wagyz etmekde medeniýet, sungat işgärleriniň uly paýynyň bardygyny elmydama nygtaýar. Munuň özi bir tarapdan, ýurduň medeniýet-sungat işgärlerine bildirilýän belent ynam bolsa, beýleki bir tarapdan, milli Liderimiziň halkymyza bagyş eden ajaýyp zamanasynyň ösüşleriniň geljekde has-da uly gerimlere eýe boljakdygynyň anyk subutnamasydyr.

Iň eýjejik gyzjagaz — 2021

BÄHERDEN. Etrapdaky 12-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna 2 — 4-nji synplarda okaýan gyzjagazlar gatnaşdy. Şadyýan gyzjagazlaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ösüp gelýän ýaş nesliň kalbynyň joşgundan pürepürdigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, eýjejik gyzjagazlaryň milli egin-eşikleri şahyrana sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça çykyşlary hem täsirli boldy.

Ynam, yhlas, ykrar

Giriş ýerine. 1945-nji ýylyň 2-nji ýanwary. Magtymguly etrabyny etekläp oturan keremli daglar gar ýassanyp ýatyrdy. Sowuk habarlara ýapraklaryny tändirip, eginlerini gysyşan baglar mazaly burjy baglapdyr. Şemal, şol gün Handöwlet agalardan tapan ýakymly jägildisini aldajy sowugyna dolap oba aýlanypdy. Garasaý, perzent demine ýylynan Könekesir obasynyň ýumrugy artypdy. Könekesir. Etrap merkeziniň 90 kilometr Gündogary, deňiz derejesinden, takmynan, 1700 metr belentlik. Sumbar sakasyna eňek basan obanyň tebigy gözelligine ilaty günlükçidi. Ol ýyllar gaz entek köp obalara barmandam. Her hojalyk gyş sowugyndan goranmak üçin güýz aýlary 2-3 sany ýük ulagyna mas basylan kerkawdyr arçalary odun edinerdiler. Daglaryň ýüki ýeňlärdi. Orta mekdeplerem şeýdip ýylydardylar.

Sungatyň aşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkymyzyň durmuşynda bolup geçýän oňyn özgerişlikler türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny açmaklaryna uly mümkinçilikleri döredýär. Ýaş aýdymçylaryň döredijilikli zähmet çekmekleri ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýändiginiň subutnamasydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, opera sungatynda dürli keşpleri üstünlikli janlandyrýan, Diýarymyzyň sungat ojagy bolan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Aýna Seýitkuliýewa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik

Medeniýet halklary dostlaşdyrýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Bu babatda dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk işjeň häsiýetde ösdürilýär. Milli Liderimiz medeniýetiň ýürekleri, kalplary ýakynlaşdyryjy, halklary dostlaşdyryjy özboluşly güýjüniň bardygyny aýratyn nygtaýar. Öňňin ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň agzalarynyň hem-de halk saz gurallary orkestrleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen konsert hem bu hakykaty ýene bir ýola äşgär etdi. Onlaýn konsertiň başynda oňa gatnaşyjylar medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edilýän tagallalar, döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Konsertde Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrdystan Respublikalarynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe, Azerbaýjan, Moldowa ýaly döwletleriň sungat ussatlary üstünlikli çykyş etdiler.

Halklary birleşdirýän sungat

22-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda kirişli saz gurallaryna bagyşlanan onlaýn okuw sapagy geçirildi. Sungat ugrundan tälim berýän ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn okuw sapagynda konserwatoriýamyzyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Jemile Gurbanowa halkymyzyň milli medeniýetiniň taryhy hem-de dutar, gyjak saz gurallarymyz barada giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynda ýokary okuw mekdebimiziň «Halk sazy» fakultetiniň talyplary «Gyrmyzy», «Ybraýym şadilli», «Nergiz», «Tabşyrdym» ýaly milli sazlarymyzy ýerine ýetirdiler.

Bu biziň taryhymyz

(«Dün­ýä ede­bi­ýa­ty» žur­na­ly­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 10 ýyl­ly­gy­na) «Dün­ýä ede­bi­ýa­ty» žur­na­ly Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2010-njy ýy­lyň 12-nji no­ýab­ryn­da­ky №11343 ka­ra­ry bi­len dö­re­dil­di. Onuň il­kin­ji sa­ny 2011-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da ne­şir edil­di.

Ýaşlaryň üstünligi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty hem-de Binagärlik we dizaýn fakultetleriniň talyplarynyň birnäçesi Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» we «Solneçnyý swet» okuw-ylmy merkezleri tarapyndan şekillendiriş sungatynyň taryhy we surat boýunça onlaýn görnüşde geçirilen bäsleşige gatnaşdylar. Daşary ýurtlaryň sungatyň dürli görnüşleri boýunça tälim berýän ençeme ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde biziň talyplarymyz hem özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň görkezen bilim derejeleri bäsleşigiň emin agzalarynyň ýokary bahalaryna mynasyp boldy.

Daýhan dünýäsiniň waspçysy

Türkmenistanyň halk suratkeşi Meretdurdy Annagulyýewiň döredijiligi barada söhbet Nakgaş Meretdurdy Annagulyýew segseniň onundan giren-de bolsa, juwanlyk hyjuwy bilen joşup, bagtyýarlyk döwrümizi çeper reňk öwüşginlerinde wasp edýär.

Bir suratyň taryhy

Suratda: Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobatow we Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aman Arnagylyjow täze aýdymyň üstünde işleýär (1980-nji ýyl). Bir gün meşhur bagşy Ödenyýaz Nobatowyň ogullary Nurgeldi we Gurbanmyrat bilen duşuşyp, halypanyň döredijilik dünýäsiniň özboluşlylygy, onuň aýdym-sazlary ýerine ýetiriş ussatlygy, halypa-şägirtlik mekdebinde bitiren işleri barada gürrüň etdik. Bagşyçylyk sungatyny ömrüne öwrenip gezen halypa, şägirtlerine hem şony maslahat beripdir. Ödenyýaz bagşy Aman Arnagylyç, Hümmet Hanmämmet dagy bilen döredijilik gatnaşygyny saklapdyr. Olaryň halypasy Garly bagşy bolupdyr. Şägirtlerine nusgalyk görelde bolan Ödenyýaz halypanyň ussatlyk bilen çalan şirin sazlary türkmen aýdym-saz sungatynyň gymmatly mirasyny bezeýär.