Kinematografiýa sungatynyň döwrebap hukuk binýady
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji noýabrynda gözel paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyzda halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bütin dünýäde ykrar edilýär» diýip bellemegi, ýurdumyzda sungata belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr. Arkadagly eýýamymyzda türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň bir akabasyna, umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Şu ýylyň 19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde medeniýet babatda garalan döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleleriň hatarynda medeniýet ulgamynda ýurdum