"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Pyýadalaryň howpsuzlygynyň jogapkärçiligi

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolup, maşgalalarymyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak derwaýyslygyna galýar. Şu möhüm meseläni ýurt Baştutanymyz hemişe üns merkezinde saklap, bu babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Köçe- -ýol hereketiniň howpsuzlygynda pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak wajyp wezipeleriň biridir. Bu meseläniň oňyn çözgüdi bolsa, sürüjiler bilen pyýadalaryň özara sazlaşykly hereketlerine baglydyr. Sazlaşykly hereketler diýýänimiz sürüjileriňem, pyýadalaryňam Ýol hereketiniň kadalarynda bellenilen talaplary berk berjaý etmelidiklerini aňladýar. Bilşimiz ýaly, pyýadalaryň howpsuzlygy jogapkärli wezipe bolup, onuň bähbitli çözgüdi pyýadalar bilen deň derejede sürüjilere-de baglydyr. Şonuň üçinem pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen degerli çäreleri geçirýäris.

“01” gullugynda

HIMIÝA ÖNÜMLERINIŇ ÝANGYN HOWPSUZLYGY Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Sakarçäge etrap ÝHB-niň Döwletli zaman şäherçesiniň ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Emir AMANOW bilen duşuşyp, himiýa önümleri ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý edeliň we tygşytly ulanalyň!

“Marygazüpjünçilik” müdirligi welaýatymyzyň tebigy gazy sarp edijilerine ýüzlenýär Tebigy gaz amatly we tygşytly energiýa çeşmesidir hem-de biziň milli baýlygymyzdyr. Tebigy gazy tygşytly hem-de howpsuz ulanmak biziň borjumyzdyr. Ýöne onuň nädogry ulanylmagy howply netijelere getirip biler. Şonuň üçin heläkçilikleriň öňüni almak we özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň saglygyny goramak üçin durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir.

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Ahal welaýaty, 24-nji dekabr (TDH). Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, ata Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol nukdaýnazardan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredildi. Bu gaznanyň esasy maksady kömege mätäç çagalara hemaýat bermekden ybarat bolup durýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň Arkadag şäherinde ýerleşdirilmeginiň geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr. Gaznanyň alyp barýan iş

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan.

Uzak-uzak menzil aşyp, ynsan gadymyýetden geljege barýar. Geljek — nämälimlik. Geçmiş bolsa, dolanuwsyzlyk. Bularyň aralygynda «häzirki zaman» bar. Wagt dowamlylygyna nähili many çaýylandygy şol «şu günden» görünýär. «Şu gün» — geljegiň gönezligini özünde saklaýar, binýadyny berkidýär. «Şu gün» — düýnüň durmuş tejribesiniň toplan gymmatlygyny ýaşadýar. Şonuň bilenem oňa ömür berip bilýär. Sebäbi «ýaşamagyň» özi durmuşyň janlylygynyň alamaty, ol dowamaty aňladýar. Dowamatyň nähili zeýillidigi ynsana köp babatda baglydyr. Dowamatyň hem biologik, hem ruhy usulda ýüze çykýandygy ynsanyň ýaşaýşynyň kanuny ýagdaýydyr. Durmuş bir akgynly derýa mysaly. Onuň gomlary, aslynda, tebigatyň hökmürowanlygynyň netijesi. Ýöne deňizçi derýanyň asudalygynda süýji hyýala çümüp, göwün ýüwürdýär. Owalynda ynsanyň bu dünýä gelmegem, onuň kesgitli ömri-de, atalarymyz aýtmyşlaýyn, ykbalyňda bary alnyňa gelýär. Bu ýerde iňňän aň etmeli alamat, tymsal, özüňem Älemi-Zeminiň goýnunda emele gelen durmuşyň akymynda barýanlygyňdyr.

Gadymy heňňamyň müdimi owazy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ýapylan ajaýyp serpaý boldy. Kitapda halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynyň gözbaşynda duran Oguz hanyň kämil durmuş ýörelgeleriniň beýany bolan «Oguznamanyň» mazmuny açylyp görkezilýär. Ata-babalarymyzyň nesillerine goýan gymmatly mirasy bolan «Oguznamadaky» agzybirlik, öý-ojak mukaddesligi, adalatlylyk ýaly esasy ýörelgeler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Agzybirlik halkymyzyň döwletliliginiň gözbaşydyr, ilkinji durmuş ýörelgesidir, jemgyýetçilik kadasydyr. Agzybirlik Oguz hanyň öz kowumyna ündän baş ündewidir, nesihatydyr, nusgalyk göreldesidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Oguz hanyň durmuşyndan söz açýan rowaýatlaryň esasy pikir-pelsepesi agzybirlikdir» diýip bellemek bilen, döwletiň berkararlygynyň, jemgyýetiň asudalygynyň, her bir öý-ojagyň, maşgalanyň bagtyýarlygynyň agzybirlikden gözbaş alýandygyna ünsi çekýär.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ähli taraplaýyn ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, saglygyň sakasy bolan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýete ornaşdyrmaklyga aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda  raýatlary abadan we sagdyn durmuşda ýaşatmak, saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, halkymyza ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek boýunça ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň raýatlaryň sagdyn hem sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny goramak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýen sözleriniň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlar bilen utgaşýandygynyň açyk-aýdyň subutnamasydyr. Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy kesgitlenmek bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady täze kanunlaryň kabul edilmegin

Ýaşlar baradaky alada

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar we olaryň sagdyn ösüp-ulalmagy, okamagy, hünär öwrenmegi, bagtyýar durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Aýratyn-da «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň ähli mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy, ylmyň täze gazananlaryny özleşdirmegi, ylmy gözleglerinde ýokary netijeleri gazanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagyna we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwrebap hukuk binýady döredildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzda ýaş nesliň zähmet, durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilýändiginiň kepilidir.

Täze ýyl gijesi — jadyly gije

Gyşyň ilkinji aýyna gadam basanymyzda, «Täze ýylyň şat toýy, // Bolmaz onuň deň-taýy» diýen setirler bilen başlanýan, çagalygymyzda aňymyzda galan aýdyma hiňlenip, Täze ýyl baýramçylygynyň ýakymly duýgularyna berilýäris. Bellenýän her baýramçylygyň özboluşly lezzeti bar. Ýöne Täze ýyl baýramçylygynyň gowy dileglerden, täze arzuwlardan hem-de ertirden başlap hemme zadyň gowy boljakdygy baradaky uly ynamdan ybarat bolanlygy üçin bolsa gerek, onuň gadyry, uly-kiçi üçin tapawudy ýok, tutuş ynsanyýet üçin üýtgeşikligine galýar. Şonuň üçin bu günler ähli adam Täze ýyly garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Köçelerimiz köpöwüşginli çyralar bilen bezelipdir. Baýramçylyk şowhunyny artdyrýan Täze ýyl arçalary ruhuňy göterýär, kalbyňda baýramçylyk duýgusyny oýarýar. Bu ajaýyp, şatlykly günlerde iň wajyp zatlaryň arzuwyny edýärsiň. Çar ýandan şadyýan çagalaryň gülki sesleri döwrümiziň bagtyýarlygynyň buşlukçysy bolup ýaňlanýar. Säherler şowhunly, gijeler asuda, töwerek-daşymyz bolsa aýdym-saz. Täze ýyl baýramynyň sagatsaýyn golaýlaşmagy çagalar bilen birlikde uly ýaşly adamlaryň hem şatlygyna şatlyk goşýar. Nesip bolsa, sanlyja günden birnäçe ajaýyplyklary peşgeş beren ýene bir ýyly ugradyp, täze-täze arzuwlar bilen täze ýyly garşylarys.

Täzeden-täze bagty alyp gelen Täze ýyl!

Ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýän, täze üstünlikler gazanylýan ajaýyp döwrümizde halkymyz täze, 2025-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýar. Täze ýyl dabaralary welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Geçirilýän baýramçylyk çärelerinde sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriň ata Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi, ýurt parahatçylygyny, il agzybirligini wasp edýän şirin owazly aýdymlary, gazallary ýaňlanýar.

Çagalaryň baýramçylyk şatlygy

Welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň hünärmenleriniň, şeýle-de körpeleriň gatnaşmaklarynda geçirilen Täze ýyl baýramçylyk çäresi bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhunyna beslendi. Körpeler welaýat döwlet drama teatryndaky bezemen Täze ýyl arçasynyň döwresinde Aýazbabadyr Garpamyk, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen el tutuşyp, arçanyň daşyndan aýlandylar, şatlandylar. Eziz Diýarymyzy bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Täze ýyl baýramyny wasp edýän goşgularyny, aýdymlaryny aýdyp berdiler. Çeper okaýyşlary, owadan tanslary bilen çykyş etdiler. Şowhunly el çarpyşmalara beslenen täsirli çykyşlar göwünlerimiziň buýsanjy, abadan durmuşymyzyň bezegi bolan çagalaryň ýürek buýsançlarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Dabaraly çärede Aýazbaba bilen Garpamyk çagalara baýramçylyk sowgatlaryny gowşuryp, körpeleri has-da begendirdiler.  

Edepli ile ýarar

«Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt», «Edepli ile ýarar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly nakyllary döreden pederlerimiz ynsan durmuşynda edep-terbiýäniň örän wajypdygyna uly ähmiýet beripdirler. Onuň ylym-bilim, hünär öwrenmek bilen utgaşdyrylmagy öz miwesini beripdir. Netijede, asylly, edepli, ylymly, hünärli nesil kemala gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze taryhy döwürde bu ýörelgeleriň has-da rowaçlanmagy ýaş nesiller barada edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar.  Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hem edep-terbiýe hazynasydyr. Hut şonuň üçinem pähim-paýhasyny şygyrlaryna siňdiren akyldaryň edebi döredijiligi nesilleriň öçmejek aýdymyna öwrüldi. Söz ussady terbiýe meselesine ýüzlenmek bilen, ilhalar, mert, halal, asylly ogul-gyzlaryň her bir ojagyň daýanjydygyny aýratyn nygtaýar. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, dogruçyllyk, adamkärçilik baradaky sünnälenen setirler ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmeginde özboluşly mekdep bolup çykyş edýär. «Ýagşy söze gulak salgyl», «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Ýagşy oguldan rehnet arygy akar», «Ýagşy ýigit ýol ýitirmez» diýen ussat şahyr her ynsanyň, aýratyn-da ýaş nesliň adamkärçilikli we edepli bolmagyny ündemek bilen, b

Hereketde bolmaly

(Tymsal) Bir gezek pähimdaryň ýanyna şäheriň tanymal baý adamy gelip, şeýle diýipdir.

Gyrgyz nakyllary

Aýryljak dost bermejek zadyňy dilär.*  *  *Edebi ýoguň — uýady ýok.*  *  *Ajaly ýeten garga bürgüde pitjiň atar.*  *  *Ýamanlyk az bolsa-da, köpdür.*  *  *Aza kanagat etmedik köpe şükür etmez.*  *  *Azapdan gorkma, aýypdan gork.*  *  *Aý gije gerek, akyl — günde.*  *  *Akmakdan akyl soramak — sokurdan ýol soramak.*  *  *Öz günäsi bilen ýykylan arz etmez.*  *  *Ýalňyşmaýan dil ýok, büdremeýän — aýak.*  *  *Giren wagtyň çykalga hakda hem pikir et.*  *  *Diňlenjek ýerde gürle, suwam siňjek ýerine sep.*  *  *Dilden balam damar, zäherem.*  *  *Suwuň atasy — çeşme, sözüň atasy — gulak.*  *  *Hemme atdan bedew çykmaz, hemme guşdan laçyn bolmaz.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Daşdan öý Alymlar Perunyň Saýwite arheologik toplumynda ýerleşýän Rumiwasi daşynyň irki döwürlerde astronomiýa jisimlerine we wakalaryna syn etmek üçin edilendigini çaklaýarlar. Bu gadymy ýadygärlik «Daşdan öý» diýen manyny berýär. Ol äpet daşdan kesilip taýýarlanyp, ýörite bellikler edilipdir. Mundan başga-da, bu ýerde suw bilen bagly ýerli däp-dessurlar ýerine ýetirilipdir. Sebäbi bu ýerde suw ýaşaýşyň we berekediň nyşany hasaplanypdyr. Daşdan taýýarlanan täsin gurluş günüň uzalyp we gysgalyp başlaýan wagtlaryny, gije bilen gündiziň deňleşýän döwürlerini hasaba almak üçin peýdalanylypdyr.

Şatlygymyz goşalandy

Täze ýylyň bosagasynda Ak bugdaý etrabynda lagym suwuny arassalaýjy desganyň gurlup ulanylmaga berilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Häzirki zaman desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak biz — ýaşlar üçin has-da ýakymly boldy. Täze desga aýlanyp gördük, onuň çägindäki binalarda ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlygy bilen tanyşdyk. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň soňky tehnologiýalaryny, kämil enjamlaryny görüp diýseň begendik. Telekeçilerimiziň şeýle desgalary ýokary talaplara laýyklykda gurýandygyna guwanjymyz artýar.

Ýakymly täsirleri döretdi

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginde dabaraly duşuşyk geçirildi. Agzalan müdirligiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda bolan duşuşyga ýaş işçi-hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda eziz Diýarymyzda ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada söz açylyp, ýaşlar syýasatynyň rowaçlyga beslenilişi bilen bagly gürrüňe üns çekildi. “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan zähmetkeşler bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklaryň, maslahatlaryň, sport we dabaraly çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy aýratyn bellenip geçildi.

Bagtyýarlygyň goýnunda

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şatlykly wakalara baýdygy bilen ýadymyzda galar. Çünki tamamlanyp barýan şanly ýyl bize tolgundyryjy pursatlaryň ençemesini peşgeş berdi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäreleriniň çäginde guralan aýdym-sazly dabaralara, täsirli maslahatlardyr sergilere, taryhy künjeklere syýahatlara etrabymyzyň ýaşlary egsilmez ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Etrabymyzyň çäginde açylyp ulanylmaga berlen desgadyr binalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna şaýat bolduk. Iň begendiriji zatlaryň hatarynda ulanylmaga berlen täze, döwrebap önümçilik maksatly desgalarda ýaşlaryň ýüzlerçesine täze iş orunlaryň açylmagy boldy. Bu gün bagtyýar ýaşlar täze iş orunlarynda gujurly we yhlasly zähmet çekýärler, ýurdumyzda giňden bellenýän şanly seneler mynasybetli çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Täze ýyl baýramçylygynyň gyzgalaňly söwda pursatlary

Täze ýyl. Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, çagalaryň köp garaşan Täze ýyl baýramy hem ýetip geldi. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. Elbetde Täze ýyl baýramy maşgala baýramy. Halkymyzda toý-baýramlary uly şatlyk-şowhun bilen garşy almak, baýramçylyk saçaklaryny dürli naz-u-nygmatlar bilen bezemek asylly däpleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwda nokatlary ýola goýuldy. Bereketli bol harytly, elýeter bahaly bazarlar ýurdumyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da ýokary derejelere göterýär.