"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Keremli sözüň sarpasy

Täze taryhy döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şöhratly wakalara beslenýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy watandaşlarymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu kitap geçmişimize buýsanjy, geljegimize ynamy artdyrýar. Kitap — iň gowy söhbetdeş. Halkymyz kitaba mukaddeslik hökmünde seredýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, kitaba bolan söýgi halkymyzyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýar.

Raýaty goramak mukaddes borçdur

Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebinde welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri we welaýat saglygy goraýyş müdirlikleri tarapyndan welaýatymyzdaky käbir iri edara-kärhanalarda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we lukmandan deslapky ilkinji kömek bermek boýunça döredilen toparlaryň arasynda bäsleşik geçirdik. Bäsleşige gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlarda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça bäsleşdiler. Şeýle-de görnüşine garamazdan, ähli zawod-fabriklerde zähmet çekýän adamlaryň saglygy üçin oňaýly ýagdaýy döretmekleriniň, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmak we ejir çekene ilkinji kömek bermek kadalaryny bilmekligiň zerurdygy dogrusyndaky çykyşlar diňlenildi.

Bitaraplyk — parahatçylygyň belent taglymaty

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de şu medeniýet ojagynyň bilelikde guramaklarynda «Bitaraplyk — parahatçylygyň belent taglymaty» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň medeniýet-sungat ulgamynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, kümüş saçly eneler, şeýle-de Türkmenabat şäherindäki çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä içre abraý-mertebesiniň barha belende galýandygy barada giňişleýin söhbet edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çuňňur many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada söz açyp, eserde bellenilişi ýaly, gadymy döwürlerde hem türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dost-doganlygyň tarapdary bolandyklary, umumadamzat medeniýetine saldamly goşant goşandygy barada gürrüň etdiler.

Döwrebaplyk ― işlerimiziň girewi

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ― Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 4-nji dekabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şol sanda, kazyýet edaralarynyň işgärleri üçin hem öňde duran wezipeleri aýdyňlaşdyrdy. Mejlisde hormatly Prezidentimize hasabat berlişi ýaly, ýylyň yzda galan on bir aýynyň dowamynda ýurdumyzyň, şol sanda biziň welaýatymyzyň kazyýet edaralarynda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, işgärlerimiziň kuwwatyny pugtalandyrmak arkaly milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirildi.

Maslahat geçirildi

Golaýda TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Kärdeşler arkalaşygyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda guramanyň  agzalary bilen alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşleriniň, raýatlaryň zähmet we durmuş hukuklaryny goramak hakynda kabul edilen kanunlaryň, beýleki hukuk düzgünleriniň berjaý edilişi barada birnäçe meselelere garaldy. Maslahatdan soň Awazanyň gözel ýerlerine bolan gezelençler, dürli sport we medeni çäreler gurnaldy. Oňa gatnaşanlara TKA-nyň Mary welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Duşuşyk geçirildi

Golaýda Wekilbazar etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetleriniň, TKA-nyň etrap birleşmeleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatlyk mekany» atly bu maslahat etrabyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Medeniýet öýünde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak, onuň nyşanyny kesgitlemek şeýle-de şanly Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýyna bagyşlandy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdy.

Beýik söz ussadynyň hormatyna

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly Watana Pyragynyň arzuwlan zamany geldi» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Gündogaryň beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilendigi hem-de milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak maksady bilen, halkara derejesinde hem-de ýurdumyzda şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanyp dürli çäreleriň ýokary derejede guralandygy buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylandygyny, onuň şygyrlar ýygyndysynyň çap edilendigini, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilendigini, halk teatrlarynyň arasynda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilendigini nygtadylar. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklama

Wagyz-nesihat duşuşygy

Tejen etrap häkimliginiň, etrap kazyýetiniň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky 30-njy orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synp okuwçy ýaşlar, ýaş mugallymlar gatnaşdy. Ýaşlary döwrebap bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer edip ýetişdirmek, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi. Onuň barşynda ýaşlara watansöýüjilik, ahlak päkligi, asylly ýol-ýörelgelere eýermek boýunça gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Talyp ýaşlaryň sungat çykyşlary

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary ýurdumyzda bellenip geçilýän şanly seneleriň her birini özboluşly baýramçylyk sowgady bilen garşylaýarlar. Halkara Bitaraplyk güni, hemişelik Bitaraplygymzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan täze aýdym-sazly çykyşlar hem şeýle diýmäge esas berýär. Mekdebimiziň talyplary bu gezek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň “Märkaw” toý mekanynda şanly sene mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynda aýdym-sazly çykyşlary bilen ildeşlerimize ruhy lezzet, şatlyk paýladylar. Mekdebimiziň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň talyplarynyň çykyşlary has-da uly täsirleri döretdi.

Şanly senä bagyşlanan dabaraly duşuşyk

Bäherden etrabynyň Medeniýet öýünde baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy mynasybetli aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň ösüşleri, ýurdumyzyň arşa göterilýän şan-şöhraty, bitaraplyk bagty hakda giňişleýin çykyşlar edildi. Etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary duşuşygyň täsirligini artdyrdy. Aýdym-sazly joşgunly çykyşlara beslenen duşuşyga gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýdym-sazly dabara

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Esenguly etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde  «Türkmenistanyň Bitaraplygy — Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy» diýen at bilen aýdym-sazly dabara geçirdik. Onda çykyş edenler  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, beýik başlangyçlary barada buýsanç bilen söhbet etdiler. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň millilige ýugrulan aýdym-sazlary, küştdepdi tansy dabara gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Hoşniýetli ýörelgämiz

Bereket etrap medeniýet öýünde «Hemişelik Bitaraplyk — hoşniýetli ýörelgämiz» ady bilen dabaraly baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary, medeniýet we sungat ussatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde ýurdumyzyň ösüşi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Üstünliklerimiziň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

Çäksiz buýsanja beslenen duşuşyk

Esenguly etrabyndaky 9-njy orta mekdepde beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Ýaşlar bilen ösüşiň belentliklerine tarap» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp ýaş nesilleri kemala getirmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny, munuň her bir adamda, esasanam, ýaş nesillerde buýsanç duýgusyny oýaryp, olaryň ýagty ertirlerine bolan ynamyny artdyrýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlarymyz hakynda uly aladalary edýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýtdylar.     

Nebitgazym — baýlygym, hazyna-genjim

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz — baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller saňa buýsanjym!» ady bilen geçiren dabaraly çärämize dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Naz-nygmatly toý saçagynyň başynda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, guwandyryjy üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan uly möçberli işler barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Dabarada ýaňlanan aýdym-sazlarda ajaýyp döwrümiziň waspy belentden ýetirildi. Çäräniň dowamynda bu pudakda göreldeli zähmet çekýän ýaşlara baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.         

Surat bäsleşiginde Bitaraplygyň waspy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň guramagynda «Bitaraplyk — baky bagtym, buýsanjym» diýen at bilen geçirilen surat bäsleşigine çagalar çeperçilik mekdebimiziň okuwçylary gatnaşdylar. Olar bäsleşige hemişelik Bitaraplygymyzyň waspyny edýän eserlerini hödürlediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, welaýatnyň döwlet arhiwiniň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly maslahat geçirildi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, welaýat döwlet arhiwiniň pudaklaýyn edaralar bilen işleşmek boýunça esasy arhiwçisi Arslan Taýmazow, muzeýiň bölüm müdiri Çynar Annaýewa, hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygrynyň her bir bendinde, her setirinde halklaryň arasyndaky dost-doganlyk köprüsiniň — parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň binýadyny berkitmek baradaky derwaýys pikirleriň öňe sürülýändigi dogrusynda bellediler.

Ýaşlar guramalarynda

Talyp joşguny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda mekdebiň 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar edebi-sazly çykyş, degişme sahna, tans, aýdym aýtmak, halk döredijiliginden bir parça ýerine ýetirmek şertleri boýunça ýaryşdylar. Bäsleşigiň netijesi boýunça 1-nji orna «Hasyl», 2-nji orna «Ak altyn» topary mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlara we ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmen-türk gatnaşyklary ösüşiň aýdyň ýolunda

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Ärdoganyň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyza ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de türk­men hal­ky­na ro­waç­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şun­da Tür­ki­ýä­niň ýur­du­myz bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

«Man­çes­ter Si­ti» 7 oýundan soň ýeňiş gazandy

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­nun­da sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da soň­ky 4 ýy­lyň çem­pio­ny «Man­çes­ter Si­ti­ni» 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Li­wer­pu­la» ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 12-nji mi­nut­da Gak­po bi­len 78-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den Sa­lah ge­çir­di. Bu «Li­wer­pu­lyň» soň­ky öza­ra 5 du­şu­şyk­da «Man­çes­ter Si­ti­ni» il­kin­ji ýeň­şi­dir. No­ýabr aýy­ny ýe­ňiş­siz ta­mam­la­nan «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry 7 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp bi­le­nok. Şeý­le-de, «Man­çes­ter Si­ti» 2008-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na 4 oýun­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Gu­ar­dio­la­nyň tä­lim­çi­li­gin­de bol­sa şeý­le sta­tis­ti­ka il­kin­ji ge­zek bel­li­ge alyn­ýar. Tä­lim­çi­si­ni tä­ze­län «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» çem­pio­nat­da Amo­ri­miň ýol­baş­çy­ly­gyn­da il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, man­ku­ni­an­lar öz meý­dan­ça­syn­da «Ewer­ton­dan» Reş­for­dyň (2) hem-de Zirk­zee­niň (2) gol­la­ry esa­syn­da 4–0 üs­tün çyk­dy. Lon­don der­bi­sin­de-de «Ar­se­nal» myh­man­çy­

Çempionyň möwsümdäki 9-njy ýeňşi

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 23-nji ýa­ry­şy Ka­ta­ryň Lu­sa­il şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 57 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da mun­dan öň­ki bäs­le­şik­de yz­ly-yzy­na 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eden «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňi­ji bol­dy. Ol pel­le­ha­na 1 sa­gat 31 mi­nut 5,323 se­kunt­da gel­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 9-njy, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 63-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji­den 6,031 se­kunt yza ga­lan mo­na­ko­ly Şarl Lek­ler («Fer­ra­ri») 2-nji ýe­ri, 6,819 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len awst­ra­li­ýa­ly Os­kar Piast­ri («McLa­ren») 3-nji ýe­ri eýe­le­di. 1-nji ha­tar­dan bat alan «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell ýa­ry­şy 4-nji bo­lup ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy.