Sanly ulgamyň kanuny esaslary
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly amal edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklary