Netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk
Biziň ýurdumyz häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berýär we dünýä döwletleri hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu ählumumy bähbitlere gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ägirt uly goşant goşmak bilen Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen döredildi. Eýran Yslam Respublikasy, Pakistan hem-de Türkiýe Respublikasy guramany esaslandyryjy döwletlerdir. EKO-nyň düzümi 1992-nji ýylda Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan Yslam Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlaryň girmegi bilen giňedi we onuň alyp barýan işleri hil taýdan täze ösüşlere eýe boldy. 28-nji noýabr EKO-nyň güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50