Geljegi nazarlaýan taslamalar
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynda ulag-aragatnaşyk we elektroenergetika ulgamlarynda iri sebitleýin taslamalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý demir ýol şahasy, kuwwatlylygy 500 kW bolan Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamy, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bellemek bolar. Taraplaryň gatnaşmagynda energetika, ulag-aragatnaşyk ýaly möhüm pudaklarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi doganlyk ýurduň syýasy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de dünýä hojalyk ulgamyna üstünlikli goşulmagyna ýardam berer. Anyk mysallara ýüzlenip aýdylanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny, «Lapis-Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesini, şeýle hem Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) we Kerki (Türkmenistan) — Ymamnazar (Türkmenistan) demir ýol şahalaryny aýratyn nygtamak bolar. Bu halkara taslamalary doganlyk ýurduň halkara giňişligindäki eýeleýän ornunyň barha ýokarlanmagyna ýardam b