"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Halkara okuw maslahatlary hünärmenleriň tejribelerini artdyrýar

Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlar üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda koreý hünärmenleri täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we uly maglumatlar akymlary bilen işlemek nukdaýnazaryndan, serhetleri döwrebaplaşdyrmak boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle-de çäräniň dowamynda okuw maslahata gatnaşyjylar serhetüsti kagyzsyz söwda boýunça täze usulyýetler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, okuw maslahata gatnaşyjylar gümrük gözegçiligini ýeňilleşdirmek barada pikir alyşdylar. Şeýle-de Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşýan döwletlerden gyzyklanma bildirýänleriň arasynda global söwdanyň hereketini ýönekeýleşdirmek üçin serhetüsti sanly söwdanyň esasy ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-özbek ikinji sebitara forumy ýokary netijeli geçirildi

21-nji noýabrda Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, olar ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň güwäsi bolup durýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda kabul edilýän çözgütler hyzmatdaşlyga täze itergi berýär. Şunda sebitara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, 2022-nji ýylda Buharada birinji Türkmen-özbek sebitara forumy üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň iýulynda bolsa Daşkentde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy.

Türkmenabatda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi üstünlikli geçirildi

20-21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynyň çäklerinde Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi. Sergi meýdançasynda dag-magdan, metallurgiýa, nebit-gaz senagatynda, maşyn gurluşygynda, elektrik energetikasynda, dokma we himiýa senagatynda, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, azyk önümleri, lukmançylyk serişdeleri, söwda ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalar öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Goňşy ýurduň haryt öndürijileriniň sergisi türkmen we özbek telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, kompaniýalar, maýadarlar bilen täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan we Özbegistan özara söwdanyň möçberini 2 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýärler

Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy iki esseden gowrak artdy. 2023-nji ýylda iki döwletiň arasyndaky söwdanyň möçberi 1 milliard amerikan dollaryndan geçen bolsa, 2024-nji ýylyň 10 aýyndaky görkeziji 940 million amerikan dollaryna ýetdi. Ýylyň ahyryna çenli bolsa geçen ýylky sepgidiň hem yzda galjakdygy bellenilýär. Iki goňşy döwlet ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini 2 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmegi meýilleşdirýär. Şunda hususy pudaga aýratyn orun degişlidir. Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynda bellenilişi ýaly, şu gezekki çäreler türkmen we özbek işewürleri üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 10 aýda 950 million amerikan dollaryna golaýlady

2024-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 950 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär. 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 848,5 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 53 million amerikan dollary möçberinde ýokarydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 99,2 million amerikan dollaryna deň boldy.

ÝTÖB Türkmenistana maýa goýmagy dowam edýär

Has dogrusy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana 333 million ýewrodan gowrak maýa gönükdirdi. Onuň netijesinde ýurdumyzyň senagatynda, kiçi we orta telekeçiliginde 87 taslama durmuşa geçiriler. Häzirki wagtda ÝTÖB-iň gönükdiren maýasynyň netijesinde ýurdumyzda umumy bahasy 22 million ýewro deň bolan 15 taslama alnyp barylýar. Olaryň hatarynda işewürlik işiniň sanlylaşdyrylmagyny, halkara hil ölçeglerine ýetmekde kompaniýalara berilýän goldawlary aýtmak bolar. Şeýle-de bankyň hem-de türkmen tarapynyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda bäş ýyllyk meýilnama taýýarlanylýar. Bu resminamanyň esasy maksady ýurdumyzyň eksportynyň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de infrastrukturany ösdürmek bolup durýar. Şunda gaýtadan dikeldilýän energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär.

Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek halkara sergilere çagyryldy

Türkmen telekeçileri Goragly çäk görkezijili önümleriň 25-nji halkara sergisine (PGIE) we Import ugurly azyk we oba hojalyk önümleriň halkara sergisine (CIFA) gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada TSTB anna güni habar berdi. «PGIE»we «CIFA» sergileri sertifikatlaşdyrylan oba hojalyk we azyk önümleri, şol sanda belli bir sebitleriň önümleriniň ýokary hilini we aýratynlygyny şöhlelendirýän çäk görkezijili harytlary tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüler.

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň maslahaty bolar

4 — 6-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Wise-premýer N.Atagulyýew nobatdaky Hökümet mejlisinde bu barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu giň gerimli gözden geçirilişe Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Sergä gatnaşyjylar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma, azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny öndürijilerden, logistika, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalardan ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Halkara giňişlikde

Türkmen-täjik syýasy geňeşmeleri Duşenbede geçirilen Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, täjik tarapyna hem daşary işler ministriniň orunbasary I.S.Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik ugry ara alnyp maslahatlaşylyp, şunda ýokary derejedäki dialogyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Ykdysady gatnaşyklary ilerletmek ugrunda

Türkmenistan — Özbegistan: işewürlik gatnaşyklarynda täze mümkinçilikler

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda Özbegistan Respublikasy bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, bähbitleriň umumylygyna daýanýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. 20-21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistan — Özbegistan: hyzmatdaşlyk barha berkeýär

20-nji noýabrda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Foruma gatnaşyjylar Özbegistanda öndürilen harytlaryň sergisi bilen tanyşdylar. Serginiň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, şu gezekki forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda iki goňşy ýurt durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

21-nji noýabrda — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň güwäsi bolup durýar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Türkmenabat, 21-nji noýabr (TDH). Şu gün — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sebitiň ýurtlary, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen özara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Şu nukdaýnazardan, şu gezekki duşuşyk ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan bilen ÝB möhüm ulag taslamalary we olary maliýeleşdirmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ileri tutulýan ulag taslamalaryna we halkara hyzmatdaşlyk arkaly olary maliýeleşdirmek meselelerine garadylar. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu maslahatlaşma çarşenbe güni ÝB-niň Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek boýunça utgaşdyryjy platformasynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatynyň dowamynda geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň, Aziýa Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky ýaly halkara maliýe düzümleriniň wekilleri hem-de diplomatlar gatnaşdylar.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly (ITTC-2024) atly III halkara foruma taýýarlyk dowam edýär

26-27-nji noýabrda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly (ITTC-2024) atly III halkara maslahatyň we serginiň meýilnamasy ýaşyl tehnologiýalaryň integrasiýasy, sanlylyga geçiş, multimodal ulag ösüşi we ekologiýa taýdan arassa logistika, halkara ulag we üstaşyr geçelgeler arkaly özara baglanyşygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly iň möhüm mowzuklaryň toplumyny öz içine alýar. Howpsuz we giň gerimli ulag infrastrukturasynyň emele gelmegine ýardam etmek üçin BMG-niň ýol howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Žan Toduň ýolbaşçylygynda ITTC-2024, BMG-niň durnukly ösüşiň sütüni hökmünde ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen «Hemmeler üçin howpsuz ýollar» başlangyjyny goldar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýol howpsuzlygy baradaky karary ýurtlary ýol hadysalarynyň öňüni almak we zyýan ýetgisini iň pes derejä düşürmek boýunça birnäçe çäre görmäge çagyrýar. Çäreleriň biri ähli täze ulag serişdeleriniň ýolagçylary we beýleki ýol ulanyjylaryny goramak boýunça ülňülere laýyk gelmegini üpjün etmek üçin ulag howpsuzlygy düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

«RŽD-Medisina» Türkmenistana sapar bilen geldi

Russiýanyň Türkmenstandaky ilçisi Iwan Wolynkin «Миссия Добро» Halkara programmasynyň çäginde Aşgabada gelen «RŽD-Medisina» klinikalar ulgamynyň lukmanlarynyň delegasiýasy bilen duşuşdy, Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň habar beriş gullugy habar berdi. Bu programa dünýäniň ähli künjeginde adamlara we guramalara Russiýadan gelýän hünärmenleriň meýletinçi missiýalary arkaly kömek etmäge we ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistan we Damen Shipyards deňiz zemsnarýadlaryny bilelikde öndürmek barada maslahatlaşdylar

Golland gämigurluşyk kompaniýasy Damen Shipyards we «Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawody 18-nji noýabrda deňiz zemsnarýadlaryny bilelikde öndürmek barada gepleşikler geçirdiler, bu barada nCa habar berýär. Duşuşyk Kommer Dameniň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň Türkmenbaşy şäherindäki kärhanasyna sapary wagtynda geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň deňiz we derýa ulag agentligi "Türkmendenizderyýollary"-nyň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar gemigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, aýratyn-da, çuňluk gazyjy tehnikalaryň önümçiligi barada söhbetdeş boldular.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Türkmenabat, 21-nji noýabr (TDH). Şu gün — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sebitiň ýurtlary, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen özara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Şu nukdaýnazardan, şu gezekki duşuşyk ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Hoşniýetli goňşuçylyk: täze belentliklerI nazarlap

Düýn Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Bu ýerde Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisi öz işini hem dowam etdi. Bu çäreler hoşniýetli goňşuçylyga daýanýan türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, sebitleriň arasyndaky özara gatnaşyklary anyk mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýetilen sepgitler, giň gözýetimler