Ýeriň ýaşyl ýaraşygy
Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda Türkmenistanda dünýä nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu asylly ekologik çäre tutuş ýurdumyz boýunça giňden ýaýbaňlandyryldy. Güýzki ählihalk zähmet baýramy Hasyl toýunyň dabaralary bilen utgaşyp, döwletli Diýarymyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändiginiň, abadan, bagtyýar durmuşda agzybirlikde başyna barlan il-ýurt bähbitli her bir tutumyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda — 9-njy noýabrda tutuş ýurdumyzda — Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda guralan köpçülikleýin bag ekmek çärelerinde-de turuwbaşdan baýramçylyk ruhy höküm sürdi. Ählihalk bag ekmek çäresine Milli Liderimiziň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde ir säherde badalga berildi. Oňa täze şäheriň ýolbaşçy düzümleri, bu ýerdäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly guralan dabara oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik