"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Döwrebap kärhananyň hyrydarly önümi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ummasyz gorlara daýanýan uglewodorod serişdelerini dünýä ylmynyň gazanan häzirki zaman tehnologiýalary arkaly senagat taýdan gaýtadan işläp, halkara bazarlarda bäsleşige ukyply, sarp edijileriň durnukly artýan isleglerinden peýdalanýan önümleriň önümçiligini ýola goýmaga hemişe uly üns berýär. Bu asylly maksadyň rowaçlyklara beslenmegine ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýär. «Garabogazkarbamid» zawody hem şeýle tutumlaryň çäklerinde gurlup, ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynyň okgunly ösmegine netijeli itergi berdi. Zawodda öndürilýän karbamid döküni, ilkinji nobatda, daşarky bazarlara çykarmaga niýetlenendir. Kärhananyň öndürýän önümine daşarky sarp edijiler uly gyzyklanma bildirýärler. Karbamid dökünine içerki we daşarky bazarlarda durnukly artýan islegler kämil tehnologiýalara, ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan bu senagat kärhanasyna ýubileý ýylyny mynasyp  zähmet görkezijilerine beslemäge mümkinçilik berdi. Netijede, kärhananyň zähmet topary geçen ýylda karbamid döküniniň 989 müň 111 tonna golaýyny öndürmegiň hötdesinden geldi. Agrosenagat toplumynda ýokary islege eýe bolan bu döküni öndürmekde zerur çig mal bolup hyzmat edýän suwuk ammiagyň 570 müň 466 tonnadan gowragy öndürildi. Ýeri gelende aý

Bagtyýar durmuşymyzyň höziri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda «Öňe, öňe, diňe öňe!» diýen çagyryş has-da belent ýaňlanýar. Şol çagyryşdan ruhlanyp, milli Liderimiziň taýsyz tagallasy esasynda ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen ägirt uly işler ýerine ýetirilýär. Ähli ugurlarda täze belentliklere ynamly gadam goýýan ýurdumyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň miwesidir. Milli Liderimiziň pähim-paýhasy esasynda ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen birlikde ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygy ýokarlanýar, senagat önümçiliginiň netijeliligi we düşewüntliligi artýar hem-de ýu

Tymsallar

«7/24.tm», № 02 (85), 10.01.2022. Sözüň güýji

Işjeň bolmagyň ýollary

«7/24.tm», № 02 (85), 10.01.2022. «Ýaltalyk» hemmämiz üçin tanyş düşünje. Iň gynançly ýeri bolsa, ol biziň  her birimizde bar. Onuň yzlaryna her gün her ýerde diýen ýaly gabat gelmek bolýar. Peýdasynyň ýokdugyny hemmämiz bilýärisem welin, näme üçin öz jylawymyzy aram-aram şu ýaltalygyň eline berýändigimize düşünemok.

«Fer­ra­ri» bilen «Velas» şert­na­ma bag­laş­dy

Ita­li­ýa­nyň «Fer­ra­ri» kom­pa­ni­ýa­sy san­ly «NFT» maz­mu­ny­ny dö­ret­mek üçin Şweý­sa­ri­ýa­nyň «Velas» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len köp ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. «Velas Net­work AG» öň­de­ba­ry­jy san­ly önüm­le­ri we hyz­mat­la­ry dö­ret­mek, bir­leş­dir­mek bi­len meş­hur­dyr. Mun­dan baş­ga-da, «Velas» «Fer­ra­ri Es­ports Se­ries» on­laýn mo­nob­rand «Prancing Hor­se» se­ri­ýa­sy­nda we «F1 Es­ports» se­ri­ýa­syn­da bäs­leş­jek sport to­pa­ry­na baş he­ma­ýat­kär bo­lar. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da «Fer­ra­ri»-niň paý­na­ma­la­ry 1,84% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 258,12 dol­la­ryn­dan ba­ha­lan­dy.

«ESS Tech»-niň söwdalary se­na­gat ba­ta­re­ýa­ ba­za­ry­nda ilerleýär

Se­na­gat ba­ta­re­ýa­la­ry­ny ön­dü­rýän «ESS Tech» kom­pa­ni­ýa­sy Ka­li­for­ni­ýa­da ener­gi­ýa sak­la­ýyş des­ga­sy­ny gur­mak üçin şert­na­ma bag­la­şan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 2011-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan kom­pa­ni­ýa­nyň teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň il­kin­ji tä­jir­çi­lik ýaý­ly­my 2015-nji ýyl­da bo­lup ge­çip­di. «ESS Tech»-iň ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň ke­pil­len­di­ri­len möh­le­ti 25 ýy­la ba­ra­bar­dyr. Bu Gün pa­nel­le­ri­niň öm­ri bi­len de­ňeş­di­ril­ýär. Ge­çen ýyl «ESS Tech» uly ba­ta­re­ýa öý­jük­le­ri üçin ro­bot gur­na­ma li­ni­ýa­sy­ny ta­mam­lap­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ma­ýa do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 1,94 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr.

«Tes­la»-nyň söw­da­la­ry re­kord derejä ýetdi

ABŞ-nyň elekt­ro­mo­bil­le­ri ön­dür­ýän «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de dün­ýä ba­za­ryn­da 308 müň­den gow­rak ulag sat­dy. Şeý­le­lik­de, bu ba­bat­da «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy ýe­ne-de re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Kom­pa­ni­ýa öň­ki re­kord de­re­je­si­ni üçün­ji çär­ýek­de 241,3 müň­den gow­rak elektrik ula­gy­ny sa­tan­da ga­za­nyp­dy. «Tes­la»-nyň umu­my söw­da­la­ry 2021-nji ýyl­da 936 müň aw­tou­la­ga ba­ra­bar bol­dy, bu bol­sa 2020-nji ýyl­da sa­ty­lan 500 müň­den go­w­rak aw­tou­lag bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, tak­my­nan, 87% köp­dür. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da «Tes­la»-nyň paý­na­ma­la­ry 6,35% gym­mat­la­dy.

«Wal­mart» we «Fe­dEx» müň­ler­çe «GM» aw­tou­lag­la­ry­ny sa­tyn alar

«Wal­mart» we «Fe­dEx» kom­pa­ni­ýa­la­ry öz flo­tu­na müň­ler­çe «Ge­ne­ral Mo­tors» elekt­rik aw­toulag­la­ry­ny goş­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni ha­bar ber­di­ler. «Wal­mart» Det­roýt­da ýer­leş­ýän aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si bi­len 5000 «BrightD­rop» aw­tou­la­gy­ny äti­ýaç­lan­dyr­mak üçin tä­ze şert­na­ma bag­laş­dy. Mag­lu­mat üçin, «BrightD­rop»-yň il­kin­ji müş­de­ri­si «Fe­dEx» ge­çen aý «GM» awtoulagyndan 500 sanysyny sa­tyn alan­dan soň goş­ma­ça sar­gyt be­rip­di. Şeý­le-de «Fe­dEx» ýa­kyn ýyl­lar­da ýe­ne 2000 ulag sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­la­şan­dy­gy­ny mä­lim et­di. «Fe­dEx»-iň se­bit­le­ýin pre­zi­den­ti Ri­çard Smi­tiň pi­ki­ri­çe, bu sar­gyt­lar 20 müň elekt­rik aw­tou­la­gy­na çen­li ösüp bi­ler.

«Lucid Group» «Citig­roup»-dan oňyn tes­wir­na­ma al­dy

«Lucid Group» elekt­rik ulag­la­ry­ny ön­dü­rýän kom­pa­ni­ýa­sy «Citig­ro­up» ma­ýa go­ýum ban­kyn­dan oňyn tes­wir­na­ma al­dy. Bu bol­sa kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­rynyň 4,81% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 8,75 million dol­la­ry­na çen­li ös­me­gi­ne iter­gi ber­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 65,59 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. «Citig­ro­up»-yň hü­när­men­le­ri «EV» se­na­ga­ty­nyň baş­lan­gyç bas­gan­çak­da­dygyna, em­ma «Lu­cid»-iň ösü­ş po­ten­sia­ly­nyň ulu­dy­gy­na ynan­ýar­lar. «Citig­ro­up» «Lu­cid»-iň paý­na­ma­la­ry­ny sa­tyn al­mak tek­li­bi­ni be­rip, her bir pa­ý­nama­sy­na ABŞ-nyň 57 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha kes­git­le­di. 

«Stry­ker» «Vocera»-ny sa­tyn al­ýar

Luk­man­çy­lyk amal­la­ry üçin en­jam­la­ry ön­dü­rýän «Stry­ker» kor­po­ra­si­ýa­sy ara­gat­na­şyk çöz­güt­le­ri­ni üp­jün edi­ji «Vocera Com­mu­nications» kom­pa­ni­ýa­sy­ny sa­tyn al­mak ar­ka­ly in­no­wa­si­ýa kuw­wa­ty­ny güýç­len­dir­ýär. «Stry­ker» bi­len «Vocera»-nyň ara­syn­da­ky bir­leş­mek şert­na­ma­sy­na gol çe­kil­di. Ge­le­şik wag­tyn­da «Vocera»-nyň paý­na­ma­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di. Bu bol­sa luk­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy üçin ma­ýa go­ýu­jy­la­ra oňyn baş­lan­gyç­dyr.

«Re­ne­So­la»-nyň Gün energiýasyna isleg artýar

«Re­ne­So­la» Gün ener­gi­ýa­ kom­pa­ni­ýa­sy «Roth Capi­tal» ma­ýa go­ýum ban­kyn­dan oňyn tes­wir­na­ma al­dy.  2021-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da «Re­ne­So­la» Is­pa­ni­ýa­da 12 MWt Gün tas­la­ma­sy­ny sat­dy. Şert­na­ma şu ýy­lyň ba­şyn­da ta­mam­la­nar. Bu ýurt­da «Re­ne­So­la»-nyň umu­my kuw­wa­ty 300 MWt-dan gow­rak bo­lan beý­le­ki tas­la­ma­la­ry hem bar.  Mag­lu­mat üçin, Is­pa­ni­ýa Gün ener­gi­ýa­sy bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­da ikin­ji ýer­de dur­ýar. Ýurt­da, tak­my­nan, 4 GW Gün elekt­rik stan­si­ýa­sy he­re­ket ed­ýär.  Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Re­ne­So­la»-nyň her bir pa­ý­nama­sy ABŞ-nyň 6,17 dol­la­ryn­dan ba­ha­lan­dy.

«Sa­bre» kor­po­ra­si­ýa­sy tä­ze şert­na­ma­la­ra ga­raş­ýar

«Sabre» kor­po­ra­si­ýa­sy 2022-nji ýyl­da awia­kom­pa­ni­ýalardan tä­ze şert­na­ma­la­ra ga­raş­ýar. «Sabre» dür­li pu­dak­lar­da, esasan hem, sy­ýa­hat­çy­lyk ulgamynda hyzmatlaryny hödürleýär. Mag­lu­mat üçin, 2021-nji ýyl­da kor­po­ra­si­ýa­ sy­ýa­ha­ty gur­na­mak ul­ga­my­ny aw­to­mat­laş­dyr­mak üçin «Ame­ri­kan Express» we «Glo­bal Bu­si­ness Travel» kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len gel­je­gi uly şert­na­ma­la­ry bag­la­şyp­dy. Ýe­ri ge­len­de, «Sabre» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň 160-dan gow­rak ýurt­da 425 müň­den gow­rak hyz­mat­daşlyk agent­lik­le­rin­de müş­de­ri ba­za­sy he­re­ket ed­ýär.

«Ynamdar» internet dükanynda

Telekeçi Nurmuhammet Gapurowyň «Ynamdar» internet dükany ýurdumyzyň Aşgabat, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Mary, Baýramaly şäherlerinde, Ak bugdaý etrabynda onlaýn söwda we eltip bermek hyzmatyny ýola goýdy. «Ynamdaryň» 70 müňe golaý hemişelik müşderisi bolup, her günde kabul edýän sargytlarynyň sany 2 müň töweregidir. Agram hasabynda alnanda, günde 6 tonna golaý haryt alyjylara ýetirilýär. Olary gaplap, müşderilere ýetirmek üçin 150 işgär zähmet çekýär.

Döwrebap sowadyjy ammarlar

Hormatly Prezidentimiziň gök-bakja we miwe önümleri bilen ilaty ýylyň bütin dowamynda bolelin üpjün etmek üçin sowadyjy ammarlar bilen üpjünçiligi gowulandyrmagyň zerurdygy hakyndaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda müňlerçe tonnalyk sowadyjy ammarlar işe girizildi. Häzirki wagtda şolarda saklanýan gök-bakja, miwe önümleri sarp edijilere yzygiderli ugradylýar. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň sowadyjy desgalarynyň 12-sinde gök-bakja, miwe önümleriniň gorlaryny döretmek, ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işler ýylboýy dowam edýär. Olaryň biri-de «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň Mary şäherinde ýerleşýän gök-bakja we miwe önümlerini saklaýan 2 müň tonnalyk sowadyjy ammarydyr. Ösen tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan desgalar 2 müň tonna ýeralma, 2 müň tonna miwe saklamaga niýetlenilip, olaryň 10 sowadyş bölümi, dolandyryş bölümi hem-de barlaghanasy bar.

Hyrydarly harytlar

Aşgabat dokma toplumynyň abraýyny belende göterýän, ýylsaýyn öňe ilerleýän kärhananyň ýokary hilli önümleriniň meşhurlygyny äşgär edýän haryt nyşanlar bar, olar, esasan, «ADT», «Goza», «Wada» ýaly önümlerdir. Hemişe täzeçilligiň, gözelligiň gözleginde bolan toplumyň harytlarynyň arasynda «öý dokmasy» diýip atlandyrylýan önümler has agdyklyk edýär. Döwletimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkyň ösen islegini kanagatlandyrýan bu kärhanada, esasan, hojalyk harytlary — dürli ölçegli ýorgan-düşek daşy toplumlary, ululy-kiçili el çalgyçlary, saçak, hammam toplumlary we hojalykda zerur beýleki harytlaryň dürli görnüşleri öndürilip, halka ýetirilýär. «Diňe ýokary hilli harytlar» diýen ýörelgä eýerilýän toplumda öndürilýän önümler döwrümize mahsus şekiller, nyşanlardyr nagyşlar bilen bezelýär. Bu bezegler harytlaryň gymmatyny, göze gelüwliligini has-da artdyrýar. Iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen toplumyň bölümlerinde yhlasly zähmet çekýän hünärmenler öndürýän önümleriniň her biriniň tikilişine, bezeglerine aýratyn üns berýärler. Olary bezeýän şekilleriň täze görnüşlerini oýlap tapýarlar. Tutanýerlilik, öňe ymtylmak, yhlasly zähmet çekmek hünärmenlere üstünlik getirýär. Bular dogrusynda to

Tymsallar dünýäsi

«7/24.tm», №01 (84), 03.01.2022. BAL SATÝAN ÝIGIT

«ConocoP­hil­lips» or­ga­ni­ki işe­wür­li­giň ösü­şi­ni güýç­len­dir­ýär

«ConocoP­hil­lips» kom­pa­ni­ýa­sy paý­dar­la­ryň ýo­ka­ry tö­leg­le­ri bi­len or­ga­ni­ki işe­wür­li­giň ösü­şi­ni bir­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa gel­jek on ýyl­da önüm­çi­li­gi­ni, or­ta­ça, 3% ýo­kar­lan­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Hut şu mak­sat bi­len, kom­pa­ni­ýa yzy­gi­der­li «M&A» ge­le­şik­le­ri­ni alyp bar­ýar. ABŞ-nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ag­la­ba­sy ýa­ly, «ConocoP­hil­lips» hem çär­ýek­de bir ge­zek di­wi­dend tö­le­ýär. 2022-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li kom­pa­ni­ýa­nyň di­wi­dend­le­ri­niň kö­pel­me­gi­ne we her paý­na­ma­sy­nyň ABŞ-nyň 1,96 dol­la­ryn­dan ba­ha­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu gir­de­ji­niň 2,7%-ine deň­dir.

«IPO Im­mix Biop­har­ma» paý­na­ma­la­ry­ny ýer­leş­di­rer

«IPO Im­mix Biop­har­ma» IPO-nyň bir bö­le­gi hök­mün­de «Nas­daq» gaz­na bir­ža­syn­da her bir paý­na­ma­sy­na ABŞ-nyň 5 – 6 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha kes­git­läp, 3825 müň paý­na­ma­sy­ny ýer­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Paý­na­ma­la­ry­ny ýer­leş­di­ren­den soň, kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň, tak­my­nan, ABŞ-nyň 42,8 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de bo­lar diý­lip çak­la­nyl­ýar. Mag­lu­mat üçin, «Im­mix Biop­har­ma» Awst­ra­li­ýa­da (Im­mix Biop­har­ma Aust­ra­lia) bö­lü­mi bo­lan ABŞ-da ýer­leş­ýän kli­ni­ki tap­gyr bio­far­ma­sew­ti­ki kom­pa­ni­ýa­dyr.

«PPL» paý­na­ma­la­ry­ny güýç­len­di­rer

«PPL» 2022-nji ýy­lyň mart aýyn­da Ang­li­ýa­nyň «WPD» bö­lü­mi­niň Rod-Aý­land şta­tyn­da­ky tä­ze «Nar­ra­gan­sett Electric» gol­çur kär­ha­na­sy­na ça­lyş­ma­gy­ny ta­mam­lar. Bu ge­le­şik «PPL» gör­ke­zi­ji­le­ri­ni güýç­len­di­rer. Kom­pa­ni­ýa gir­de­ji­niň bir bö­le­gi­ni sa­tyn al­mak prog­ram­ma­sy­na gö­nük­di­rer. Tas­syk­la­nan muk­da­ry hä­zir­ki wagt­da ka­pi­tal­laş­ma­gyň 11%-ine ga­bat gel­ýär. Şol birwag­tyň özün­de kom­pa­ni­ýa tä­ze di­wi­dend sy­ýa­sa­ty bi­le­n ABŞ-nyň kom­mu­nal pu­da­gyn­da di­wi­dend li­der­le­ri­niň bi­ri bol­ma­gy­ny do­wam e­der.

«The Ho­me De­pot» çalt el­tip ber­mä­ge ma­ýa goý­ýar

Dün­ýä­dä­ki do­wam ed­ýän ýag­daý­la­ra bag­ly­lyk­da, önüm­le­re bo­lan is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len, «The Ho­me De­pot» res­to­ran­lar top­lu­my oňyn ösüş ga­zan­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa Ame­ri­ka­da­ky tä­ze lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­ne ma­ýa goý­ýar. Ýe­ri ge­len­de, kom­pa­ni­ýa ABŞ-nyň müş­de­ri­le­ri­niň 90%-ine gün­de­lik ýa-da er­te­si gün el­tip ber­mek mak­sa­dy bi­len, hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­läp, paý peý­da­sy­ny art­dyr­ýar. Soň­ky bir aýyň do­wa­myn­da «The Ho­me De­pot» paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy­nyň gol­daw ul­ga­my­ny sy­nag­dan ge­çir­di. Şeý­le­lik­de, paý­na­ma­la­ryň, or­ta­ça, gir­de­ji­si ABŞ-nyň 400 dol­la­ry de­re­je­sin­de bol­dy.