"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Bitaraplyk — dünýäniň parahatlyk aýdymy

Hemişelik Bitaraplyk türkmen diplomatiýasynyň iň uly üstünligidir, türkmen halkynyň milli gymmatlygy, baş mukaddeslikleriniň biridir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz umumadamzat medeniýetine,  bütindünýä gymmatlyklaryna  mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagyna giň ýol açýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, her kişi gowy adam bolmagy, sagdyn nesilleri terbiýeläp, il hataryna goşmagy arzuw edýär. Munuň üçin bolsa juda zerur zatlar bar, ilkinji nobatda, Zeminde parahat ýaşaýşyň bolmagy zerur. Diýmek, Bitaraplyk halkyň çüwen bagtydyr, göterilen ykbalydyr.

Milli ýörelgeleriň ygtybarlysy

Bitaraplygyň süňňündäki ynsanperwerlik halkymyzyň däp-dessurlarynda has aýdyň şöhlelenýär. Bitaraplyk syýasaty we onuň ýörelgeleri Oguz han eýýamyndan bäri türkmenleriň guran ähli döwletlerinde  mälimdir. Miladydan öňki I müňýyllygyň ortalarynda türkmen topraklarynda bolup geçen wakalar hem bitaraplyk ýörelgeleriniň ilkinji mysallarynyň şöhlelenmesidir. Gerodotyň «Taryh» eserinde massagetleriň şa zenany Tumaryň ahemenileriň şasy Kir II-ä ýazan hatynyň mazmuny hem oňa aýdyň mysaldyr.

«Parahatlyk — ýürek baýdagy»

12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen dabaralar, Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem şatlyk-şowhuna, buýsançly duýgulara beslendi. Halkara derejede giňden bellenilýän baýramçylyk günlerinde BMG-niň iri düzümlerinden hoş habarlaryň gelip gowuşmagy merdana halkymyzyň köňül şatlygyny goşalandyryp, döwletimiziň mertebesini has-da beýgeltdi. Bu bolsa baýramçylyk mynasybetli guralan dabaralaryň mazmun baýlygyny has-da artdyrdy. Baýramçylyk güni ir säher bilen şäheriň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň joşgunly mukamynyň astynda ýaşyl tugumyzyň belende göterilmegi bilen şanly toýuň dabarasy asman giňişligine ýaýyldy. Arkadag şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen dabara häkimligiň işgärleri, Mejlisiň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri we täze şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşynyň buşlukçysy bolup, al-asmanda buýsanç bilen parlaýan ýaşyl tugumyzyň astynda dowam eden baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede bellenilýän şanly senesiniň gymmaty, döwletimiziň halkara hukuk derejesiniň esasynda ge

Toýly mekanyň asudalyk mukamy

Arkadag şäheriniň häkimliginde «Arkadag şäheri — Bitarap ýurduň jennet mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahat hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuna bagyşlandy. Dabarada çykyş edenler, ilki bilen, şanly Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar. Olar ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň umumadamzat gymmatlygynyň sanawyna goşulmagyny, şeýle-de ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ilat we ösüş komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalygyna saýlanylmagyny aýratyn bellediler. Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu hoş habaryň gelip gowuşmagy mähriban halkymyzy beýik ösüşli ýollarda bedew bady bilen ynamly gadam urmaga ruhlandyrdy.

Abadan ýaşaýşyň röwşen ýoly

Türkmenistanyň 28 ýyl bäri alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň talaplaryna, döwletara gatnaşyklaryň esasy bolup durýan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine doly laýyk gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet syýasatyny, şol sanda Bitaraplyk ýörelgesini örän paýhaslylyk, inçelik bilen alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz: «Biz hemişelik Bitaraplyk syýasatymyza hemişe ygrarly bolup, sebitde we dünýäde abadançylygy berkarar etmäge ýardam ederis» diýip belleýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň many-mazmunyna düşünmek üçin, oňa hertaraplaýyn baha bermek zerur. Munuň özi, umuman, gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegidir, ruhy-medeni, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegidir, töwekgelçilikleriň we nämälimligiň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, bähbitleriň deňeçerligini emele getirmäge ukyply halkara ulgamyň usullarynyň, gurallarynyň döredilmegidir.

Şanly senä bagyşlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly maslahat baý many-mazmuna eýe boldy. Maslahatda Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weteranlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Çykyşlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, onuň sebit we halkara derejedäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy, medeni-ruhy giňişliklerinde eýeleýän işjeň orny barada hem nygtap geçdiler. Maslahatyň aýdym-sazlar bilen utgaşmagy onuň täsirliligini has-da artdyrdy.

Belent maksatlary nazarlap

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Mejlisiň dowamynda diplomatik gullugyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselä hem seredildi. Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigine ünsi çekdi.

Uly toýuň şanyna

12-nji dekabrda halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belledi. Şol gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada watandaşlarymyz we myhmanlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara foruma, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuny gazanylan uly üstünlikler bilen toýlady. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri ýurdumyzy beýik ösüşlere eýe etdi, halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Özboluşly ösüş ýoluny saýlap alan döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gysga döwrüň içinde uly öňegidişlikler gazanyldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda dünýä taryhynda ilkinji gezek 185 döwletiň ses bermeginde Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyna eýe boldy. Bu diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa üçin hem möhüm waka boldy.

Ajaýyp zamananyň ýaňy

Agzybir hem-de bagtyýar halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny belläp geçdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Goşa toý mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem bu döwletli işe talyp ýaşlar halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda uly höwes bilen işjeň gatnaşýarlar. Konserwatoriýanyň aýdym-saz toparlary şu dabaralar mynasybetli paýtagtymyzyň okuw mekdeplerinde, medeni-dynç alyş merkezlerinde döwrebap aýdym-sazlar esasynda gyzykly konsertleri guraýarlar. Ylmy maslahatlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, ähmiýeti dogrusynda çykyşlar guraldy. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplygyny gazanan gününden bäri geçen 28 ýylyň içinde ykdysady taýdan tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Diýarymyz halkara gatnaşyklarynda hem mynasyp ornuny tapdy. Bu gün barha özgerýän ýurdumyz adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýäniň döwletleriniň ençemesi, iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar.

Mertebe münberi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de asudalygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygyny uludan belläp geçdi. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň karary bilen 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi we şol ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Türkmenistanyň baky Bitaraplygy BMG-niň nobatdaky mejlisinde bu gurama girýän ýurtlaryň 193-siniň goldawy esasynda ikinji gezek tassyklanyldy. BMG-niň taryhy çözgüdi bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabr — «Halkara bitaraplyk güni» diýlip yglan etmek hakynda Kararnamasy kabul edildi we şol ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi.

Parahatçylyk — halklaryň arzuwy

11-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň girelge zalynda ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Dost-doganlygyň owazy

12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Baýramçylyk çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Tomaşaçylaryň arasynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar bar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti «Bitarapdyr, parahatdyr illerim!» atly watançylyk mazmunly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetiren bu çykyşy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan parahatçylyk dörediji döwletimiziň häzirki döwrüne buýsanjy artdyrdy. Konserte gatnaşyjylar «Dünýä dursun parahat!» aýdymyny uly ruhubelentlik bilen garşylap, ony bilelikde ýerine ýetirdiler

Parahatçylyk söýüjiligiň baýramy

Bitaraplyk — ýörelgämiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň asudalygyny we abadançylygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we tutuş dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmek ýaly asylly maksatlary rowaçlyga beslenýär. Döwletimiziň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň ähmiýeti bellärliklidir. Dünýä bileleşigi Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bu bolsa doganlyk döwletler bilen yzygiderli ösdürilýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky barha netijeli häsiýete eýe bolýan gatnaşyklarda öz beýanyny tapýar. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 28 ýyllygy ata Watanymyzda hormatly Prezidentimize bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýan taryhy wakalar bilen utgaşýar. Magtymguly atamyzyň: «Erer ol erkin mydam, //Budur türkmen binasy» diýip arzuwlan Garaşsyz, baky Bitarap döwleti bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesind

Üstünlikleriň gözbaşy

Ýurdumyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan özüniň daşary syýasatynyň esasy hökmünde bitaraplyk ýörelgesini saýlap aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan oňa agza döwletleriň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy iki gezek kabul edildi. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda dünýä ähmiýetli işlere gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan döwletimiziň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Geçen döwürde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynda uly tejribe toplady. Ýurdumyz dünýä we sebit derejesinde dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem özara bähbitli syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň daşary syýasat ugry dostluk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu asylly ýörelgeler bolsa merdana ata-babalarymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna daýanýar. Döwletimiziň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmek, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ugurlarda hyz

Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçildi

Guwanjymyzy goşalandyrdy Toý-baýramlara baý Watanymyzda ýene bir buýsançly senäniň dabarasy dünýä doldy. Halkara Bitaraplyk güni Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ähli ýerinde şatlyk-şagalaňa beslenip bellenilip geçildi. Şu baýramçylyk mynasybetli baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylyp, olarda ýaňlanan aýdym-sazlaryň buýsançly ýaňy alyslara aşdy. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň uly toýy türkmen halkynyň guwanjyny goşalandyrdy.

Şanly baýram mynasybetli

12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, parahatçylyk medeniýetiniň möhüm şerti hökmünde döwletimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu dabara döwlet hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir. Baýramçylyk çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdy. Tomaşaçylaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda paýtagtymyzda şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilen iri halkara forumlara gatnaşyjylar hem bar.

Dialog — parahatçylygyň kepili

11-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Forum ýokary derejedäki umumy mejlis bilen açyldy. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky hem-de daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdy.

Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisi geçirildi

11-nji dekabrda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdy. Şu gezekki mejlise gatnaşyjylar öz çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Olar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ösüşiniň meýillerini göz öňünde tutmak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.