Ajap ýurdum bagy-bossan
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny, onuň biodürlüligini goramakdan hem-de ony gözelleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ýylyň islendik paslynda adamlary özüne maýyl edýän bu keramatly, bereketli topragy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda, ýazyjylar eserlerinde çeper beýan edipdirler. Sebäbi ynsan bilen tebigat bir-birine berk bagly bolup, özara sazlaşygy kemala getirip, biziň hem tebigatyň bir parçasydygymyzy aňladýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzda tebigaty goramak, şol sanda «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen peder pendine uýup, bereket çeşmesi hasaplanýan suwy we beýleki serişdeleri rejeli peýdalanmak, aýawly saklamak hem-de dikeltmek babatda döwlet derejesinde, halkara derejesinde uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işlerde döwletimizde ekologiýa abadançylygynyň esasy ugurlaryň biridigini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasyndaky: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýen kadadan ugur alynýar.